Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim işgärleri iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hyzmatyndan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan giňden peýdalanýarlar. Munuň özi bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejelere ýetmegine şert döredýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim işiniň halkara ölçeglere laýyk getirilmeginde möhüm çelgi bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bilim ulgamynda öňde durýan wezipelere hem üns çekilip, täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bizi örän buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleriniň döredilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da olaryň şahamçalarynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.