Şu ýylyň 9 aýynda Özbegistanyň GDA agza ýurtlar bilen özara söwda dolanyşygy 16 milliard 842 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şonuň 6,6 milliardy Özbegistanyň eksportynyň, 10,2 milliardy bolsa importynyň paýyna düşýär.
Ýurduň Statistika agentliginiň ýazmagyna görä, hasabat döwründe Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygynyň 51,4 göterimi Russiýa Federasiýasyna, 17,9 göterimi Gazagystana, 5,2 göterimi Türkmenistana degişli.