HABARLAR

Şöhratly geçmişiň buýsançly waspy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyz ahyrlap barýar. Halkymyz taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan bu ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen gaýrata galkynýar. Ynha, uly ruhubelentlige, egsilmez joşguna beslenen şu günlerimizde külli ilimize, tutuş dünýä hoş habar ýaýrady. Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda bolýan günlerinde «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny, onuň ilkinji nusgasynyň neşir edilendigini buşlady. Bu eseriň ilkinji nusgasy hormatly Prezidentimize sowgat edildi.

Türkmen sarpalap myhmany, giňden ýazar desserhany

Halkymyzyň gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlarynda arkama-arka dowam edip gelýän myhmansöýerlik gatnaşyklary aýratyn orny eýeleýär. Myhmansöýerlik barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda şeýle diýýär: «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir». Myhmansöýerlik — hormatyň, ynsan kalbynyň, köňül öýüniň açyklygynyň netijesidir.

Goňşular

Goňşulara barýan ýoly tämizle,Bir gez beýgelersiň kakylsa gapyň. Kalbyňa geňeş sal, päli tämizle,Ýakyn-ýat idemän, ýapylsa gapyň. Gabatlaşsa şam-u-säher goňşular,Hal-ahwalyn sora, ýagdaýyn sora.Saglykmy, işlimi, aladalymy,Sowuklyk hiç mahal düşmesin ara.

Gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzyň ösüşini kesgitleýän gymmatlyk

Şu günler ýurdumyzda dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi dürli derejeli toý çärelerine beslenýär. Berkarar Diýarymyzyň bu halkara hukuk derejesi türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu ýörelgeleriň möhüm ähmiýetine dünýä döwletleri tarapyndan berlen mynasyp bahadyr. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilenden bäri geçilen menziller ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere gyşarnyksyz eýermegiň nusgasyny görkezýändigini doly tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligine esaslanýan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda kämillik belentliklerini nazarlaýar. Netijede, şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynda wajyp bolan daşary syýasy şertleriň binýady has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplygymyzyň uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup durýandygyna subutnamadyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň wezipelerine hem-de maksatlaryna doly laýyk gelýän aýratynlygy bilen tapaw

Sungata söýgi bolanda

Gülnäz Oraztaganowa mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň biri bolup, ol şäher, welaýat, döwlet möçberinde, şeýle-de halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýaş suratkeş gyzyň ýurt derejesinde üçünji orna mynasyp bolup, gymmatbahaly sowgat bilen sylaglanmagy hemmämizi buýsandyrdy, guwandyrdy. Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýan zehinli gyz şu ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII ýaşlar Delfiý oýunlarynda «Şekillendiriş sungaty» diýen ugur boýunça bäsleşikde ýörite şahadatnama eýe bolmagy hem ony täze d

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Hormatly foruma gatnaşyjylar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Pyragynyň şygyrlary — watansöýüjilik mekdebi

Döwürleriň we köňülleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň, asal dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň ähmiýeti wagt geçdigiçe barha artmak bilen. Akyldar şahyrymyzyň öňe sürýän pikirlerinden terbiýe meselesi eriş-argaç bolup geçip, adamyň hemişe kämillige ymtylmagy, ylym-bilim öwrenmegi barada pent edilýär. Şoňa görä-de, dana şahyryň edebi mirasy ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Şahyr hemişe Watan, il-gün hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr, «Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» ýaly setirleriniň üsti bilen watansöýüjiligi ündäpdir. Ol «Gürgeniň» atly ajaýyp goşgusynda hem şygyr sungatynyň ýokary çeperçilik tärleri, çeper dil serişdeleri arkaly Watanyň gözel keşbini göz öňüňde janlandyrýar:

Täzelik

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zerur bolan fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki, şeýle-de oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 167 million 368 müň 736 manatlyk önüm öndürildi. On aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 103 göterim ösüş depgini gazanyldy.