«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyz ahyrlap barýar. Halkymyz taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan bu ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen gaýrata galkynýar.
Ynha, uly ruhubelentlige, egsilmez joşguna beslenen şu günlerimizde külli ilimize, tutuş dünýä hoş habar ýaýrady. Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda bolýan günlerinde «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny, onuň ilkinji nusgasynyň neşir edilendigini buşlady. Bu eseriň ilkinji nusgasy hormatly Prezidentimize sowgat edildi.