Gülnäz Oraztaganowa mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň biri bolup, ol şäher, welaýat, döwlet möçberinde, şeýle-de halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýaş suratkeş gyzyň ýurt derejesinde üçünji orna mynasyp bolup, gymmatbahaly sowgat bilen sylaglanmagy hemmämizi buýsandyrdy, guwandyrdy. Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýan zehinli gyz şu ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII ýaşlar Delfiý oýunlarynda «Şekillendiriş sungaty» diýen ugur boýunça bäsleşikde ýörite şahadatnama eýe bolmagy hem ony täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.