Şu günler ýurdumyzda dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi dürli derejeli toý çärelerine beslenýär. Berkarar Diýarymyzyň bu halkara hukuk derejesi türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu ýörelgeleriň möhüm ähmiýetine dünýä döwletleri tarapyndan berlen mynasyp bahadyr. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilenden bäri geçilen menziller ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere gyşarnyksyz eýermegiň nusgasyny görkezýändigini doly tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligine esaslanýan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda kämillik belentliklerini nazarlaýar. Netijede, şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynda wajyp bolan daşary syýasy şertleriň binýady has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplygymyzyň uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup durýandygyna subutnamadyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň wezipelerine hem-de maksatlaryna doly laýyk gelýän aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, ykdysady taýdan gülläp ösüşi hem-de ýaşaýyş-durmuşyň ýokarlanmagyny gazanmaga ýardam etmegi maksat edinip, halkara jemgyýetçiligiň bähbitleri bilen sazlaşýar. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan baý tejribeleri halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman ulgamyny kämilleşdirmekde dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Halkara hukuk derejämiziň şunuň ýaly gyzyklanma bilen gurşalan tejribeleriniň hatarynda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy berkitmek, ýüze çykýan sebitara meseleleri köpugurly gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak babatdaky işjeň garaýyşlaryny görkezmek bolar. Ummasyz gorlara daýanýan tebigy çig mal serişdelerimizi ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýmakda, dünýä döwletlerini özara baglanyşdyrýan döwrebap ulag düzüminiň döredilmeginde ägirt uly taryhy taslamalary durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitleri hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan şeýle tejribeleriň hatarynda görkezmek bolar. Dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary ösdürmekde, medeniýetleriň özara tejribe alyşmaklary üçin zerur şertleri döretmekde, netijede, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünliklere beslenýän döwletli tutumlar şolaryň üstüni ýetirýär. Öz nobatynda, giň ugurlary öz içine alýan bu baý tejribeler hemişelik Bitaraplygymyzyň ata Watanymyzyň köpugurly ösüşini kesgitleýän gymmatlyga öwrülendigini açyp görkezýär.