HABARLAR

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Beat Trade FZE» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. * * *

Asylly maksatlar rowaçlanýar

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdiler. Bellenilişi ýaly, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler

Dynç alşy dogry guramagyň nusgasy

Garaşsyz döwletimizde ýaýbaňlandyrylan sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigine bu ugurda gazanylan anyk netijeler hem şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, raýatlaryň köpüsi, şol sanda çagalar we ýaşlar sportuň dürli ugurlary bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Hormatly Prezidentimiz dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisde ilki bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara görelde görkezýär.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek — döwlet ähmiýetli wezipe

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady.

Türkmenistan — Ýaponiýa: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk giňelýär

3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.