HABARLAR

Garaşsyzlyga buýsanjyň ajaýyp waspy

27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkeziniň sahnasynda sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Mejlisler merkeziniň ajaýyp sahnasynda dabaralanýan ýokary ruhubelentlik we şatlyk-şowhun ýurdumyzyň baş baýramyny täze zähmet üstünlikleri hem-de döredijilik çykyşlary bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny beýan etdi.

Watana gulluk etmek — beýik borç

Eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmekde, döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda hem-de kanunylygy, hukuk tertibini berk berjaý etmekde harby we hukuk goraýjy edaralara möhüm orun degişlidir. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň aýdyň netijeleri bolup durýar. Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu beýik baýramçylygyň hormatyna guralan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda milli Liderimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Mukaddes borja ygrarlylygyň hormat-sarpasy belentdir

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji sentýabrda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýtdy. Döwlet münberiniň häzirki zaman toplumynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň harby ýörişi geçirildi. Şeýle hem oňa zähmetde ajaýyp üstünlikler gazanan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi we giň gerimli baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işine ýokary baha berildi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji sentýabrda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýtdy. Döwlet münberiniň häzirki zaman toplumynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň harby ýörişi geçirildi. Şeýle hem oňa zähmetde ajaýyp üstünlikler gazanan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

27-nji sentýabrda tutuş ýurdumyz mäkäm jebislikde baş baýramymyzy — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda giňden belledi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

27-nji sentýabrda tutuş ýurdumyz mäkäm jebislikde baş baýramymyzy — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda giňden belledi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — halkymyzyň bagtyýarlygy we buýsanjy

27-nji sentýabrda agzybir we jebis türkmen halky parahatçylyk, ylalaşyk we ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi. Paýtagtymyzda baýramçylygyň öň ýanynda açylan, baýramçylyk lybasynda belent mertebeli myhmanlary garşylan Döwlet münberiniň toplumy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň milli geňeşiniň mejlisiniň karary

Türkmenistanyň Prezidenti,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.

Ganatly bedewler bilen Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galýar

28-nji sentýabrda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi. Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi.