HABARLAR

Binýady berk gurlan dostluk binasy

Duýgudaş bol, dogan ýaly, dost ýaly.Paýlaş hemme bilen eliňde bary.Goý, dostluk çyn hemem ýürekden bolsun,Dymdyryp ýakymsyz duýgulaň baryn! Çyn dostlugyň hormatyny belent derejä ýetirýän bu dürdäne deýin setirler doganlyk gazak halkynyň belli şahyry Abaý Kunanbaýewe degişli. Hakykatdanam, beýik gazak şahyrynyň ýazyşy ýaly, dostlugyň sarpaly bolan ýerinde diňe gowy duýgular başdan geçirilip, ýagşy maksatlar tutulyp, ajaýyp işler amal edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-gazak dostlugynyň taryhyny yzarlap otursaň, iki doganlyk halkyň her bir işde ýürekdeşlik, mähribanlyk, raýdaşlyk ýaly ynsanyň iň ajaýyp duýgularynyň emri bilen hereket edendigine göz ýetirýärsiň. Birek-birek bilen däp-dessur, edim-gylym, duýgy-düşünje ýaly köp gymmatlyklar babatda meňzeş türkmen hem gazak halklarynyň dostlugy mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň hasam täze röwüşe eýe boldy. Munuň şeýledigine, Garaşsyzlyk ýyllarynda gol çekilen, iki döwlet üçin hem bähbitli, şertnamalaýyn-hukuk binýady berkidilen 100-den gowrak döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ata Watanymyza amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda düýbi tutulan başla

Türkmenistan we Gazagystan uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrýar

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we 24-nji oktýabrda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki Beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym- -Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşulýar

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy--bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi we halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Strategik hyzmatdaşlygyň esaslary pugtalandyrylýar

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutany Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Aşgabadyň gözel keşbi – abadançylygyň gözbaşy

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy. * * *

Uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolýan hyzmatdaşlyk

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Watanymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.