Resmi habarlar

27 Oktýabr 2021
763

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy.

* * *

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.