Türkmenistan we Gazagystan uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrýar

27 Oktýabr 2021
787

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we 24-nji oktýabrda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.