Täze binanyň ýalkymy

25 Oktýabr 2021
804

Balkan welaýatynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň dabaraly açylyşy boldy

23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

"Nesil".