HABARLAR

Sazlaşykly ösüşleriň täze belentlikleri

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diň¬lenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim ýokarlanandygyny, öndürilen önümleriň mukdarynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artandygyny habar berdi. Şol döwürde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy.

Bagy-bossanlyklar täzelenişiň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.

Özgertmeler şanly geljegimize badalga

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenilen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory özlerine berkidilen ulgamlarda üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri, gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümlerinde we ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylan işler, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, Daşary işler ministrligi t

Baş maksat — halkyň abadançylygy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz asyrlara barabar ösüşlere eýe bolýar. Bu ösüş-özgertmeleriň ählisi hem ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen deň gadam urmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna, işlemegine we döretmegine gönükdirilendir. Bedew badyna eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň her bir ösüşinde baş maksat halkymyzyň abadançylygy bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bu wezipe giňişleýin beýanyny tapýar. Bu Maksatnamada: «2019 — 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş maksady ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün etmek, geljegiň sanly ykdysadyýetini döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş hil görkezijisi boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmak, adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar» diýlip bellenilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty baş ýörelge edinen milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gaz

Parahatçylygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýalarynda, milli ösüşleriň ähli ugurlarynda türkmen Bitaraplygy öz beýanyny tapmak bilen, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşi gazanmakda hem mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilýär. Bu wezipeler «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, türkmeniň baky Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň taryhy maksadalaýyklygyny görkezdi. Häzirki wagtda halkara hukuk ylmynda Bitaraplyk düşünjesine aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Baky Bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň bu derejäniň gazanylmagynda ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklaryny utgaşdyryjy gural, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün edýän serişde hökmünde ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda Türkmeni

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi

Berkarar döwletimizde ýylyň-ýylyna güýzki we ýazky bag ekmek dabaralaryna badalga bermek indi asylly däbe öwrüldi. Geçen hepdede beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan ýadygärliginiň töwereginde geçirilen bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Şol gün Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek dabarasynyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

On aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Onda 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy

Maýa goýumlary halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 27-28-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde turuwbaşdan onuň dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda meşhur halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde we berkitmekde örän netijeli bolandygyny belläsim gelýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy Türkmenistanyň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň, şonuň ýaly hem diňe bir ýurdumyzyň halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidi ugrunda peýdalanmaga çalyşýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.