HABARLAR

Resmi habar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň harby prokurory;

Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Dünýä nusgalyk ýörelgeler

Milli buýsanjymyzyň ylham çeşmesi

Halkymyzyň mizemez ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek döwletimizde amala aşyrylýan durmuş maksatly syýasatyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Çünki şu günki nesiller geljekde Watanyň ykbalyny öz gerdeninde çekmäge taýýar bagtyýar ýaşlardyr. Taryha ser salanymyzda, saglygy goraýşy ünsden düşürmezlik, gadymy türkmen döwletlerinde iň öňde goýulýan ugurlaryň biri bolupdyr. Haýyr-sahawat etmek maksadyny esasy orunda goýan Orta asyr lukmançylyk edaralary hem adam saglygyny berkitmekde, näsaglygyň öňüni almakda uly işleri amala aşyrypdyrlar.

Beýik işler wysal bolup Watanda, Dost - doganlyk rowaçlanýar jahanda

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Sogaply işler dowamat

Kitapda gadymyýetiň ýaňy bar

Gündogaryň beýik şahyry Omar Haýýam: Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,Pähimiňi goýaldar, pikirleň şasy —–

Jogapkärli möwsümiň giň gerimli işleri

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

Sagdynlyk we ruhubelentlik Garaşsyz Türkmenistan bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde belent ykrara eýedir. Täze taryhy döwürde sagdyn jemgyýetiň binýatlaryny berkarar etmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli sportumyzy galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň, döwlet syýasatynyň mysalynda halkyň saglygynyň ýurduň baýlygyna deňelýändigi äşgär görünýär. Saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.