Dünýä nusgalyk ýörelgeler

3 Aprel 2024
336

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şol maksat esasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin şeýle strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeşiň öňünde durýan wezipeler, esasan, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak işini utgaşdyrmakdan we bu babatda Türkmenistanyň Hökümetine teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem guramanyň çäklerindäki halkara başlangyçlar öwreniler, olara goşulmak we goldamak babatda teklipler taýýarlanylar. Munuň özi ýurdumyzyň diňe milli bähbitler üçin däl, eýsem, adamzat bähbitleri üçin hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde, oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmäge tutanýerli çemeleşýändiginden habar berýär.

«Esger».