Halkymyzyň mizemez ýörelgesi

3 Aprel 2024
321

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek döwletimizde amala aşyrylýan durmuş maksatly syýasatyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Çünki şu günki nesiller geljekde Watanyň ykbalyny öz gerdeninde çekmäge taýýar bagtyýar ýaşlardyr.

Taryha ser salanymyzda, saglygy goraýşy ünsden düşürmezlik, gadymy türkmen döwletlerinde iň öňde goýulýan ugurlaryň biri bolupdyr. Haýyr-sahawat etmek maksadyny esasy orunda goýan Orta asyr lukmançylyk edaralary hem adam saglygyny berkitmekde, näsaglygyň öňüni almakda uly işleri amala aşyrypdyrlar.

Yslam ALLABERENOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.