HABARLAR

Ählihalk buýsanjyna beslenen baýram

Düýn ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi. Ählihalk baýramy mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senedir. Hut şonuň üçin buýsanja beslenen bu baýram her ýyl ýurdumyzda dabaraly bellenilýär.

Raýatlarymyzyň saglygy — döwletimiziň baş aladasy

14-nji maýda milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy Mejlisde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, dynç alyş döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Wajyp meseleler üns merkezinde

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş sapary bilen baryp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Döwletliligiň hem özygtyýarlylygyň baýramy

Baýdak — döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa — döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili. Ine, bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan esasy iki sütündir. Kanuny döwlet hökmünde ata Watanymyz Türkmenistan adamy goramagy we goldamagy, oňa hyzmat etmegi döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitledi. Bu wezipe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda doly aýan edilýär.

Ak şäherimiz Aşgabadyň waspnamasy

15-nji maýda Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň «Mekan» köşgüne welosipedli gelmegi şu günlerde geçirilýän giň möçberli ekologiýa çäresiniň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýany boldy. Bu ýerde neşir işleriniň sergisi guralyp, onda döwlet Baştutanymyzyň eserlerine giň orun berildi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserler giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň waspnamasy bolan täze kitap hem okyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, paýtagtymyzyň dürli ýyllardaky keşbini görkezýän suratlaryň sergilenmegi-de bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Goşa mukaddeslik

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini Esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl Tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň gurulmagy netijesinde, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheri-de juwan keşbe eýe boldy. Güllerdir mydama gök öwsüp oturan baglar bilen jäheklenen owadan köçeleri we döwrebap binalary bilen buýsanjyňy artdyrýan bu şäheriň islendik künjünden howalanyp görünýän beýik sütünli Baş Baýdak meýdançasynda belentden parlaýan ýaşyl Tugumyza nazaryň düşende bolsa, buýsançly duýgular has-da joş urýar. Çünki mukaddes Tugumyz geçmişimiziň şanlydygynyň, Gahryman Arkadagly döwrümiziň şöhratlydygynyň, geljegimiziň n

Baş maksat — halkymyzyň bagtyýarlygy

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Aşgabat — Gadymy medeniýetiň ojagy

Şu ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Fewral aýynyň aýagynda bu şanly senäni baýram etmäge taýýarlyk görmäge bagyşlanyp, Aşgabat şäher häkimliginde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň baş şäheriniň häzirki wagtda onuň halkara giňişligindäki abraýyny kesgitleýändigini, özygtyýarly döwletimiziň ykdysady we syýasy taýdan ösüşiniň depginini, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, onuň intellektual kuwwatyny görkezýändigini belledi. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, oturymly ýerler gadym döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Gadymy Nusaý galasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda onuň täsin desgalary Aşgabadyň etegindäki gymmatlyklar hasaplanylýar. Gadymy Parfiýanyň sungat eserleriniň uly toplumy ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň buýsanjy bolup durýar.

Möhüm çözgütler halkyň bähbidine

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş sapary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda we sebitlerde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hususan-da, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy desgasyny gurmak, azyk ulgamynyň üpjünçiligini berkitmek we bugdaý oragyna taýýarlyk görmek, obasenagat pudagynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň hünärmenleri üçin ýokary amatlyklary bolan we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary, ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hem-de ýurdu

Adyl kazyýetliligiň konstitusion esaslary

Konstitusiýamyz döwletimiziň milli kanunçylygynyň hukuk binýadyny emele getirýär we jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň hem-de ösüşiniň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny we ýörelgelerini, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen kada laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gös-göni hereketi bardyr, olar kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kesgitleýär we adyl kazyýetlilik bilen üpjün edilýär.