Raýatlarymyzyň saglygy — döwletimiziň baş aladasy

17 Maý 2021
803

14-nji maýda milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy

Mejlisde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, dynç alyş döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar