Adyl kazyýetliligiň konstitusion esaslary

17 Maý 2021
773

Konstitusiýamyz döwletimiziň milli kanunçylygynyň hukuk binýadyny emele getirýär we jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň hem-de ösüşiniň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny we ýörelgelerini, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen kada laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gös-göni hereketi bardyr, olar kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kesgitleýär we adyl kazyýetlilik bilen üpjün edilýär.

Gurbanmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar