Döwletliligiň hem özygtyýarlylygyň baýramy

17 Maý 2021
910

Baýdak — döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa — döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili.

Ine, bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan esasy iki sütündir. Kanuny döwlet hökmünde ata Watanymyz Türkmenistan adamy goramagy we goldamagy, oňa hyzmat etmegi döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitledi. Bu wezipe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda doly aýan edilýär.

Nurulla NURLYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar