HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly goňşy ýurtlaryň Liderlerini mähirli mübärekläp, sebitiň ösüşine degişli möhüm meseleler boýunça çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin belent mertebeli myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!

Dosta barýan ýolda yzym bar meniň

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Häzirki wagtda ähli dillerde «Aziýa» sözi ýaňlanýar. Bu günki gün dünýä döwletleriniň nazary Aziýa yklymyna gönükýär. Ýer ýüzüniň iň köp ilatly yklymy bolmak bilen, ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerde Aziýanyň mynasyp paýy bardyr. Nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Tokioda geçirilmegi tutuş yklyma bolan gyzyklanmany artdyrdy. Olimpiadanyň umumytoparlaýyn ýaryşynda hem Hytaý, Ýaponiýa ýaly döwletleriň öňdäki orunlara dalaş edendikleri Aziýanyň sport babatda dünýäde öňdeligi eýelemäge mynasypdygynyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Hazaryň türkmen kenarynyň mümkinçilikleriniň toplumlaýyn artdyrylmagy döwlet ähmiýetli wezipedir

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň 1-nji awgustdan dynç alşa çykýandygyny yglan etdi. 7-nji awgustda, şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow bilen “Awaza” köpugurly sport toplumynda bolup, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!Hormatly döwlet Baştutanlary:Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparow,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi

Daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi. Nobatdaky bu sammit köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir.

Myhman gelse, garşy alar saz bilen

Toýa gelen myhmanyny şirin aýdym-saz, keramatly duz-çörek bilen garşylamak türkmeniň zandynda bar. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň şanly 30 ýyllygynyň barha golaýlaýan günlerinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bolup geçen halkara derejeli çäre oňa ýene-de bir gezek şaýat boldy. Gadymy kökleri bir çeşmeden nemlenen türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, täjik halklary bir saçagyň başyna üýşüp, agzybirlik namasyny aýtdylar. Aziýa sebitinden gelen myhmanlar halkymyzyň göwnüniň açyklygy ýaly eliniňem, ýüzüniňem, ýolunyň hem aýdyňlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň mümkinçilikleri barha pugtalandyrylýar

4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.