HABARLAR

Mizemez ynamyň güýji

Ynsan sallançakda entek şirin hüwdüleriň bossanyny çürtýärkä pederlerimiziň yhlasy siňen topragyň mukaddesligini aňyna siňdirýär. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, ynsan balasy ýörjen-ýörjen bolup ýörkä eýýäm edil daragtlar kimin köküni bu keremli topraga urmagyň arzuwy bilen ilkinji, ýöne juda ynamly ädimi ädýär. Dabany topraga galtaşan ynsanyň ertirki güne bolan ynamynyň öňünde durup biljek güýjüň ýokdugyna heňňamlar şaýatdyr. Onsoň ol bu toprak bilen özüni bir jan, bir ten saýýar, ony aň-düşünjesi, bilesigelijiligi, ukyp-başarnygy bilen özgerdýär, ösdürýär. Aýtmaklaryna görä, öňem bir akyldardan ynsanyň dünýä inenden tä ömrüniň ahyryna çenli bagtly boljak ýeriniň nire bolup biljekdigi hakynda soranlarynda, ol: — Ynsan islendik ýerde ýaşanda-da ol özüne pikirdeş, ynamdar adamlary tapyp biler. Hatda ol ynsanyň ömrüni, ykbalyny, durmuşyny oňatlyga özgertjek beýik-beýik işlerem durmuşa geçirer. Emma onuň bagtly hem ynjalykly ýaşajak ýeri welin ýeke-täk Watanydyr. Haçan-da adam öz Watanyndan uzaklarda mekan tutan bolsa, onuň kalbynyň ynjalygy ýokdur. Özem ynsan üçin göbek gany damyp, ilkinji ädim äden topragynda döwran sürmek Arşdan inen nygmatdyr. Ol nygmaty has datly etmek her bir adamyň özüne baglydyr. Munuň özi topragyňa, il-günüňe yhlasyňy,

Durnukly ösüşe saldamly goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda baky Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürip, onuň mejlislerinde täze başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Eziz Diýarymyz özüniň üstaşyr-ulag geçelge mümkinçiliklerini, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň yklymara möçberlerde we ykdysady bähbitlerde işjeň ösdürmäge goşant goşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar ýurdumyzyň agzalan ugurlarda işjeň halkara gatnaşyklaryny ösdürýändiginiň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz hem ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulag

Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen

Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň we Günbataryň söwda hem-de hyzmatdaşlyk ýoly hökmünde belli bolupdyr. Bu ýol halklaryň arasynda dürli görnüşli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösüşinde ähmiýetli orun eýeläpdir. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gadymy ýoluň öňki şöhraty gaýtadan dikeldilip, täze many-mazmuna eýe boldy. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwletimizde sebitiň durnukly ösüşini üpjün etjek, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary barha kämilleşdirjek, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy berkitjek, söwda-haryt dolanyşygyny barha giňeltjek amatly we howpsuz demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň geçelgeleri döredilýär. Bu örän möhüm ýollaryň gurulmagy ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini daşamak bilen bir hatarda, Türkmenistany Gündogar we Günbatar Ýewropanyň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Merkezi Aziýanyň we Uzak Gündogaryň ýurtlary bilen baglanyşdyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginde hem-de ösdürilmeginde örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Garaşsyz Watanymyz 30 ýylyň içinde özüniň daşary syýasatynda oňyn bitaraplyk ýörelgesini üstünliklere besläp, halkara jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe boldy. H

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän 4 gatly, 32 öýli 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň 170-siniň gurluşygyna geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň dokma pudagynyň kuwwatlylygy ýokary derejä göterilýär

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna tarap ugur aldy. Şol ýerde eksport maksatly önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän häzirkizaman önümçilik toplumy guruldy.

Ynsan saglygynyň goraglylygy pugtalandyrylýar

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.

Beýik işler bagta rowan

Mähriban halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň çar ýanynda durmuş-ykdysady we medeni maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Hepdäniň çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylan dokma toplumy hem baýramçylyk sowgatlarynyň üstüni ýetirdi. Şol gün irden döwlet Baştutanymyz dikuçar bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze düzümleýin desganyň — dokma toplumynyň açylmagy mynasybetli dabaralaryň guralýan ýerine bardy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwletara gatnaşyklar berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy awgustda Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklar babatda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiligi göz öňünde tutup, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy we birnäçe beýleki pudaklar gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda däp bolan türkmen-pakistan ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Baş wezipe — halkyň saglygy

Hormatly Prezidentimiz 25-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.

Möhüm wezipeler

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.