HABARLAR

Ak ýaýlanyň arwanasy

Goç ýigitlerimiziň syrdaşy, algyr guşy hasaplanýan bedew atlarymyz, öý-ojaklarymyzyň goragçysy bolan alabaý itlerimiz, ýüňünden sungat döreýän saryja goýunlarymyz ýaly, iner düýelerimiz hem türkmen halkynyň durmuşyny ýeňilleşdirip gelen döwletli malydyr. Onuň süýdi, çaly, agarany, süzmesi müň bir derdiň dermanydyr. Aslynda, düýe maly rowaýata görä, Beýik Biribaryň alkyşyna mynasyp bolan jandardyr. Bir gün pygamberimiz medineli musulmanlaryň biriniň howlusynda daňylgy duran düýe bilen syrlaşanmyş. Şonda myhmany görüp, gözünden boýur-boýur ýaş döken düýe arzy-halyny aýdypdyr. Myhman öý eýesine özüne hyzmat etmezden öň düýesini otlatmagy haýyş edenmiş. Öý eýesi gyş üçin ýygnan ýandak küdesini aýap, düýesine az-azdan berýändigini düşündiripdir. Bu habary eşiden düýe eger rugsat etseler, hiç kime azarsyz, uzak günläp özi otlap, suwlanyp, ýene-de ýatagyna gaýdyp geljekdigini aýdanmyş. Ine, düýe şeýle janypkeşligi, eýesine maddy zyýan ýetirmeýändigi, agram salmaýandygy bilen alkyşa mynasyp bolupdyr.

Jandarlar reňkini nädip üýtgedýärler?

Dag goçy

Täsin tebigaty bolan ýurdumyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Günorta-Günbatar Köpetdag hem şeýle ýerleriň biri bolup, bu ýerde duş gelýän ösümliklerdir haýwanlaryň ençeme görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde duş gelýän haýwanlaryň biri-de dag goçlarydyr. Dag gerişleriniň eňňitleri, dürli otly baýyrlyklar, çöl öri meýdanlary dag goçlaryna (aýraklara) ýaşamak üçin oňat ýer bolup hyzmat edýär. Ýatanlarynda çöketlik ýerlerde, sowuk şemaldan sowa ýerlerde gijäni geçirýärler. Beýleki toýnaklylaryň köpüsinde bolşy ýaly, dag goçlary hem irden, agşamara, käte bolsa gijelerine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar, gyşyna bolsa hemişe hereketde gezip, günüň bütin dowamynda otlap gezýärler. Iň gurak we yssy aýlarda olaryň aglabasy çeşmeleriň golaýyndaky öri meýdanlaryna aralaşýarlar. Çeşmelerden suwsuzlyklaryny gandyrmak üçin bu ýerlere yzygiderli gatnaýarlar. 

Ýewropanyň iň uly pişigi

Ýewropa diňe bir taryhy ymaratlary bilen tanalman, eýsem, baý tebigaty bilen hem bellidir. Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Ýewropada dünýäniň beýleki materiklerinden tapawutlylykda, hiç hili çöllük gabat gelmeýär. Diňe belli bir sebitde ýaşaýan – endemiki jandarlaryň onlarçasy Ýewropada duş gelýär. Şeýle jandarlaryň biri hem ryslardyr. Az sanlysynyň galandygy sebäpli ýabany pişigiň bu görnüşi goralyp saklanýar. Rys Ýewropada duş gelýän iň uly ýyrtyjy pişik hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda duş gelýän garagulaklara meňzeş bolan bu jandara latynça «lynx» diýilýär. Ýabany pişikler maşgalasynyň agzasynyň jemi dört görnüşi bolýar. Agramy 4,5 kilogramdan 17 kilograma çenli bolýan bu jandaryň boýy 67-106 santimetr aralygynda bolýar. Ryslaryň ömrüniň dowamlylygy 25 ýyl. Adaty pişiklerden 5 esse agyr bolýan bu jandarlaryň gulaklary uzyn we gulagynyň ujunda gara tüýjagaz bolýar. Howa sowap başlanda onuň bedeniniň ähli ýerindäki tüýleri ösýär. Bu jandarlar uly penjeli, goýy goňur reňkli, bedenine görä kellesi kiçi bolýar. Ryslar, adatça seljeň sosna tokaýlarynda ýaşaýarlar. Olaryň käbir görnüşi deňiz derejesinden 3000 metr belentlikde ýaşaýar. Ryslar beýige dyrmaşmakda ökde boluşlary ýaly, ýüzmekde hem ökde bolýarlar. Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýal

Kebelekler barada gyzykly maglumatlar

Kebelekleri öwrenýän ylma «lepidopterologiýa» diýilýär. * * *

«Hatarda ner bolsa...»

Türkmen halky «Düýe maly — dünýe maly», «Düýäm bar — dünýäm bar» diýen ýaly nakyllaryň manysyna magat akyl ýetirýär. Şonuň üçin hem düýe malyna uly yhlas siňdirýär. Düýäniň müň bir derde derman bolýan düýe çaly, agarany barada bilmeýän az-azdyr. Düýe çalynyň lezzeti özboluşly üýtgeşik bolýar, ony içen adamlar: «Çeşmäňe bereket!» diýip aýdýarlar. Düýäniň ýüňünden mukaddes saçak, guşak, agarçäkmen, alaja we sallançak ýüp ýaly zatlar dokalýar. Düýe janawar haýsy ýerde bolsa-da, öz eýesiniň öýüni tapyp bilýär. Goý, ol ýüzlerçe kilometr aralyk bolsun, tapawudy ýok. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýlişi ýaly, düýe maly hem özüniň gowy görülýändigini bilýär we eýesine tabyn bolýar. Hatda ýaňy aýak biten çaga itse-de, yzyna düşüberýär.

Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda behişdi bedewler hakynda köp sanly maglumatlar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerde bedewiň waspy giňden beýan edilýär. «Görogly» şadessanynda seýisçilige ýörite bir hünär hökmünde garalýar. Eserde gerçek ýigidiň atyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär. Şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny, heýkeltaraşlar heýkellerini, zergärler nepis şaý-seplerini behişdi bedewlere bagyşlapdyrlar. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetirdi. Halkymyzda «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen pähim bar. Bu parasatly jümläniň üsti bilen türkmeniň iň eziz görýän jandarynyň bedewdigine göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsan ýaly duýgur, dost ýaly wepadar bedewlere bolan söýgüsi çäksizdir.

Türkmeniň uçar ganaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Müňýyllyklaryň dowamynda merdana türkmen halkynyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn üns berlipdir. Çünki halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolmak bilen, köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir» diýip belleýär. Ahalteke bedewleri milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şonuň üçin bedewlerimiz bilen baglanyşykly her bir işe uly üns berilýär.

Täsinlikler dünýäsi

■ Dünýäde arylaryň 21 müň görnüşi bar. ■ Bir ary öýjüginde, takmynan, 20 — 60 müň ary ýaşaýar.

Alabaý — geçmişden şu güne

Halkymyzda «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümle bar. Bu çuň manyly jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň halkymyzyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. Maslahatda halkymyzyň dünýä beren deňsiz-taýsyz milli gymmatlyklarynyň özara baglanyşygy, ýagny halyçylyk sungatynda türkmen alabaýlarynyň şöhlelendirilişi, «it ýatak», «tazy guýruk», «güjük yzy» ýaly gadymy göller bilen çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak hem-de olar bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada giňişleýin gürrüňler edildi.