Jandarlar reňkini nädip üýtgedýärler?

1 Aprel 2022
3104

Käbir jandarlaryň reňki gysga wagtda, käbirleriniňki bolsa, möwsüme baglylykda uzak wagtda üýtgeýär. Mysal üçin, tebigatyň al-ýaşyl öwüsýän bahar paslynda ýaşyl reňkli bolýan çekirtge, güýzüň gelip, ýapraklaryň saralmagy bilen goňur reňkli bolýar. Käbir jandarlaryň reňki bolsa ýaşaýan ýerindäki topraga meňzeýär. Mysal üçin, şeýle jandarlar çölde ýaşaýan bolsa, çäge reňkli bolýarlar. Reňkiň üýtgemegi, adatça oňurgaly jandarlara degişlidir. Bu jandarlaryň beden gurluşlarynda dürli reňkiň emele gelmegi üçin ýagtylygy şöhlelendirýän, dargadýan kristallar we reňk molekulalaryny (pigmentleri) öz içine alýan hromatofor öýjükler bolýar. Janly organizmleriň reňkiniň üýtgemegi deriniň öýjüklerindäki pigmentleriň ýagtylygyň «siňdirilmegi » ýa-da dokumalarda we öýjüklerde biologik nanogurluşyň şöhlelenmegi we ýaýramagy arkaly ýüze çykýar. Ýagtylygyň ýa-da temperaturanyň üýtgemegi hem reňkiň üýtgemegine sebäp bolup bilýär. Şeýle- de bolsa, janly- jandarlarda bu amal, adatça daşky gurşawyň üýtgemegine jogap hökmünde ýüze çykýar. Dürli öýjükleri bolan melanoforlar reňkiň üýtgemegine düýpli täsir edýär. Melanofor öýjükleriniň içindäki melanin pigmentleriniň hereketi reňkiň üýtgemegine sebäp bolýar. Haýsy jandarlar reňkini üýtgedýär? Reňkini üýtgedýän jandar diýlende, ilki bilen hameleon ýadyňa düşýär. Bu jandarlaryň derisiniň reňkiniň üýtgemegi temperaturanyň we daşky gurşawdaky ýagtylygyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Hameleonlaryň käbir görnüşleri islendik reňke diýen ýaly öwrülip bilýär. Hameleonlaryň derisiniň aşagynda ýörite pigment göteriji öýjükleri bar. Bu üýtgeşiklik bary- ýogy 16-20 sekuntda bolup geçýär. Olaryň aglabasy Madagaskar adasynda ýaşaýarlar. Olaryň gözleri 360 dereje görmäge ukyplydyr, ýagny kellesini öwürmän islendik tarapy görüp bilýärler. Hameleonlaryň dili bedeninden iki esse uzyndyr. Demirgazyk polýusa golaý ýaşaýan arktika tilkileriniň uzynlygy 40-70 santimetr aralygynda bolýar. Olar galyň gar astynda hinde ýaşaýarlar. Bu jandarlaryň eşidiş ukyby örän ýokary bolup, ümürli howada- da aw edip bilýärler. 50 dereje sowukda ýaşamaga ukyply bolan bu jandarlaryň reňki gyşda gar ýaly ak bolýar. Şeýlelik bilen, olar awuna golaý baryp bilýärler. Tomusda olaryň reňki goňur bolýar. Altyn pyşdyl tomzagy Demirgazyk Amerikada duş gelýän kiçijik möjejikdir. Reňkini çalt üýtgetmek ukyby bolan altyn pyşdyl tomzagy üstüne howp abananda reňkini açyk altyndan mämişi reňke üýtgedýär. Bu reňk üýtgemegi, adatça 2 minutyň içinde bolup geçýär. Altyn pyşdyl tomzagy reňkini üýtgedende, zäherli mör-möjek ýaly bolup, duşmanlaryny gorkuzýar. Olaryň uzynlygy 7 millimetr töweregi bolýar. Demirgazyk Amerikanyň günbatarynda, Ýuwaş ummanyň kenaryna golaý ýerde ýaşaýan gurbaga hem reňkini üýtgedýän jandarlaryň biridir. Bu jandar reňkini birnäçe minutyň dowamynda üýtgedip bilýär. Bu aýratynlygyň kömegi bilen olar ýyrtyjylardan, guşlardan we ýylanlardan gizlenmegi başarýarlar. Osminoglaryň Hindi we Ýuwaş ummanynda duş gelýän birnäçe görnüşi bar. Bu jandaryň haýran galdyryjy aýratynlygy onuň sekizden hem gowrak jandarlara meňzäp bilmegidir. Bu jandar suw ýylany, kambala, skat, meduza, deňiz aktiniýasy we bogomol leňňeç ýaly suw jandarlaryna meňzäp bilýär. Olar muny aýaklarynyň şekilini we reňkini üýtgetmek arkaly ýerine ýetirýärler. Kambala bir ýerden başga bir ýere göçeninde derrew şol ýere uýgunlaşýar we 5-10 sekundyň içinde reňkini üýtgedýär. Bu jandar, adatça ýyrtyjylardan gaça durmak üçin gijelerine aw edýär. Aw edenlerinde deňziň düýbünde hereketsiz ýagdaýda bukuda ýatýarlar we duýdansyz ýagdaýda topulyp, ownuk deňiz jandarlaryna hüjüm edýärler. Kalmar balygy dünýä ummanlarynda duş gelýän orta ululykdaky mollýusklardyr. Bu jandaryň ýüzden gowrak görnüşi bolup, olar hem dürli tebigy şertlere uýgunlaşmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, olar deňziň düýbünde aňsatlyk bilen gizlenip bilýärler.