Milli buýsanjymyz

25 Ýanwar 2022
3913

Türkmen halky diýlende onuň şöhratly taryhy hakydaňa dolýar. Türkmen halkynyň durmuşy ak öýi, alabaý iti, bedew aty, halysy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz alabaý itiniň bolmagyny hökmany hasaplapdyrlar.

Türkmen alabaýy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Çopanyň iň wepadar ýoldaşy onuň alabaý itidir.

Ýeňiş HAÝYTJANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.