HABARLAR

«Haýyrly guýy» (Hekaýa)

Orazgylyç baýyň münen hyýalyna şaýat bolanlaryň gözi tegelendi. Gan bilen giren gylygynyň birsözlülikdigini magat bilýän adamlar: «Diýenini bitirmese, ondan Orazgylyç baý bolarmy» diýişdiler. Şondanam başlandy: «Gyzyltoýun takyrda» çig kerpiç guýup ugramaly. Sany dört müňe ýetende, goýbolsun etmeli. Galypdan çykan kerpiçleri zynç ýaly gatatmaly. Galamasy soň maglum ediljekdir». Gyzylgumuň içindäki ýaýbaň oýlaryň birinde ýazylyp-ýaýnap oturan Üçguýy obasynda şondan soň, baý, ibirtde-zibirtlik başlanandyr-a! Bijin ýylynyň bahary kükräp geldi. Nowruzyň burny görnüp-görünmänkä, gök ýüzünden Burkut babanyň meşiginiň «takyrdysy» eşidildi. Bol ýagyşdan ýaňa Gyzyltoýun takyry agzy-burny bilen doldy. Ýumşaksy howasynam berdi weli, Gyzylgum gyzyl haly düşelene dönäýdi. Ir örýän ýylakdyr ýekegulak, arpagandyr üzärlik-hä beýlede dursun, sakar ýorunja, gyzyljabaş, aktiken, çopantelpek, ýabany sogan, ýabany süle, göýül ýaly ot-çöplerem ýer göterip çykdy. Pah, onsoň guzularyň guýruklary tegeleniberdi. «Şirbazy ir iýýän bolduk» diýip, dodak ýalaýanlaram köpeliberdi. «Şirbaz» diýilýänem tüýi togarlanybermedik guzynyň eti. Ony iýmek üçinem tükenmeýän malyň bolmaly. Ine, Orazgylyç baýy bükgüldä salýan zat. Ol goşa güpjegi ýassanyp, ajy çaýy ş

Iň köp okalýan dramaturg

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda sözüni, ylhamyny senede öwrüp, nesillere ýadygär goýup giden dünýä belli ägirtleriň heýkelleri oturdyldy. Şolaryň arasynda meşhur iňlis ýazyjysy, şahyry, dramaturgy Wilýam Şekspiriň hem heýkeli bar. Maglumatlara görä Wilýam Şekspir 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde, Eýwonyň ýakasyndaky Stratford şäherinde dünýä inýär. Onuň üýtgeşik zehini çagalygyndan ýüze çykyp ugrapdyr. Ol eýýäm ýaşlyk ýyllarynda fransuz, italýan, ispan dillerini kämil derejede bilipdir. Wilýamyň surat çekmekde we saz çalmakda aýratyn ukyby bolupdyr. Ösümlikleriň dünýäsi-de ony örän gyzyklandyrypdyr. Ene-atasy onuň islendik ukyp-başarnygyny goldamaga çalşypdyr. Şeýlelikde, ol Stratforddaky mekdepde bilim alyp, soň okuwyny korol Eduardyň mekdebinde dowam etdirýär. Juda ir öýlenmegi zehinli ýigidiň durmuşynda bellibir derejede kynçylyklary döredýär. Ol iki ýyl soň, ýagny 20 ýaşynda Londona göçüp, güzeran üçin teatrda islendik işe kaýyl bolmaly bolýar. Emma zehin islendik şertde-de özüniň «öwüşginini» äşgär edýär. Wilýama-da teatrda kiçeňräk keşpleri ynanyp ugraýarlar.

Nesillere ýapylan serpaýlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan akyldar şahyryň eserler ýygyndysynyň iki tomlugy «Magtymguly» ady bilen neşir edildi. Kitaba dünýäniň golýazma hazynalarynda saklanýan, şahyryň altmyşa golaý diwanlarynda duş gelýän, şeýle-de dürli alymlardan ýazylyp alnan goşgularynyň 700-e golaýy girizilipdir. Kitaba tekstologik derňewler esasynda birnäçe täze goşgularynyň girizilendigi buýsandyryjydyr.

Körpelere ýylyň sowgady

Çagalarda kitap okamak endigini ösdürmek we kitaba bolan söýgini döretmek maksady bilen bu günki günde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi tarapyndan taýýarlanan «Öýkelek towşan», «Sürüden aýrylany gurt gapar», «Ertekiler dünýäsi», «Hazyna», «Degişgen pil» ýaly birnäçe ertekili kitaplar halk köpçüligine hödürlenildi. Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Şahyryň ýaşlygy» atly ertekili kitap neşir edildi. «Mahabat» müdirligi tarapyndan şahyryň goşgulary esasynda taýýarlanan kitapda şahyryň çagalyk we ýaşlyk ýyllary, Döwletmämmet Azadynyň öz perzendine beren terbiýesi, edep-göreldesi täsirli wakalaryň üsti bilen sada dilde beýan edilýär. Şahyr baradaky rowaýatlar islendik ýaşdaky ynsany özüne kökerýär.

Çaga sowaly (Irland tymsaly)

Bu waka ir döwürler Irlandiýanyň şäherleriniň birinde bolýar. Çagalara sowgat paýlap ýören Aýazbaba, baran hojalyklarynyň birinde duz datmak üçin saçak başyna geçýär. Gürrüň arasynda öý eýeleriniň biri çagalary «ertekiden gelendigiňe» ynandyrmagyň aňsatlygy-kynlygy barada sorag berýär. — Esasy zat — hereketleriň ýürekden bolmaly — diýip, Aýazbaba jogap berýär. — «Çagadyr-da» diýip, işiňe kembaha garasaň bolmaýar. Bularyň käbir sowallarynyň öňünde uly bolubam durar ýaly däl.

«Hakyda göwheri» — ýaşlygyň we ýaşlaryň kämil mekdebi

Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndaky: «Häzirki döwürde ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň-da gadymy taryhdan söz açýan eserler bilen aýratyn gyzyklanýandyklarynyň şaýady bolanymda, örän begenýärin» diýen sözleri bilen başlamagy müwessa bildik. Çünki eziz Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Watana buýsanmak, gadymy taryhy kökleriňe daýanmak, seni beýik mertebeleriň eýesi edýär. Ömrüňe many gatýar we seni ynsanlygyň çür başyna çykarýar. Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýelemek beýik pederleriň ruhuna togap kylmakdyr, olaryň şanyna hem-de beýik taryhy şöhratyna dahylly bolmakdyr. Ýaşlygyň we ýaşlaryň aýratyn ynam, beýik söýgi hem çäksiz mümkinçilikler bilen gurşalýan abadan, owadan ýurda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby hakydalary ýagtyltjak nur bolup geldi. Ol kämilligiň, tämizligiň beýik mekdebini goýan Oguzlaryň oguznamalaryndan salamdyr. Ol Taňrynyň türkmene eçilen elýetmez hem juda gymmatly beýik ykbaly baradaky döwletli kelamdyr. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara, ýaşlyga hem hiç wagt garramaýan heňňamyň beýikligi hakynda söz açýan buýsançnamasydyr.

Üstünlige ýetmegiň syrlary

Seriňi durla!

Bir adam öýüni satyp, başga has gowy öýe göçermen bolupdyr. Mahabatçy-hünärmen dostundan öýüni  satmak  üçin oňat bildiriş ýazyp bermegini towakga edipdir. Dosty ol öýe belet bolansoň,  ony  şeýle  bir  gowy  edip  suratlandyrypdyr:  öýüň  gowy ýerde ýerleşýändigi, tutýan meýdanynyň giňdigi, taslama-gurluşynyň ajaýypdygy, goýry saýaly baglaryň bardygy, suw howdany we hammamy ýaly gowulyklarynyň  hemmesini  birin-birin  ýazyşdyrypdyr.  Ol  ýazan  zadyny dostuna okap beripdir. Öýüni satarman adam bu bildirişi üns bilen diňläpdir,  ýene  bir  gezek  okamagyny  haýyş  edipdir.  Dosty  muny gaýtadan okanda, öýüni satmakçy adam uly sesi bilen begençli gürläpdir: «Men  ömürboýy  şeýle  jaýda  ýaşamagy  arzuw  edip  gezdim. Aslynda, men şeýle jaýda ýaşaýandygymy senden eşidýänçäm, muny asla  duýman  gezipdirin»  diýipdir.  Soňra  ýylgyrypdyr-da:  «Haýyş edýän, gowusy, bu bildirişi hiç ýere ýaýratma. Meniň öýüm satuwa çykarylmaýar» diýipdir. Biz käteler öz ýaşaýşymyza başganyň gözi bilen hem garap göreliň, şonda şükür edere zadyň pikir edişimizden örän köpdügine ýene bir ýola

Zehin aýdyňlygy, paýhas käni

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: — Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

. . . Dessanlaryň käbirinde iki ýurduň patyşasynyň ýa-da wezir bilen patyşanyň dostlugy hakynda söz açylýar. Dostluk hakyndaky tymsallar Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky wakalarda hem beýan edilýär. Bu ikisiniň dostlugynyň hem öz taryhy bar. Ol barada biziň köpimize çaga wagtymyzda gürrüň berendirler. Şol ýakymly pursatlar siziň ýadyňyzdan çykyşan bolmagy mümkin. Şonuň üçin ony şu ýerde ýatlaýyn diýdim. Patyşanyň perzendi bolmaýar. Gurrandazlar gurra taşlap, müneçjimler asmana seredip, bir gürrüňi beýan edýärler: ýokarda guýrukly ýyldyz görnende, enäniň göwresinde galan çaga üýtgeşik akyl we zehin berilýär. Şol şertde iki oglan we bir gyz — Soltansöýün patyşa, Myraly we Gülpam dünýä inýär. Soltansöýüniň guýrukly ýyldyzyň täsiri bilen üýtgeşik akylly beýleki iki ýoldaşyny gözleýşiniň hem öz taryhy bar. Ol şähere aýlanyp, her hili synag bilen olary tapmaga synanyşýar. Wakalaryň dowamy size tanyşdyr. «Gülpam» dessanyny zehinli dessançy bagşy Gurt Ýakubowyň aýtmagynda diňlänleriň ony unutmajakdygyny bilýärin. Soltansöýün bilen Myralyny ýiti akyl-paýhaslylyklary ýakynlaşdyrýar. Köşkdäkileriň Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky dostluk gatnaşygyna gözleri gidipdir. Olaryň dostlugyna zeper ýetirmäge çalyşýanlaram bolupdyr.