Bir adam öýüni satyp, başga has gowy öýe göçermen bolupdyr. Mahabatçy-hünärmen dostundan öýüni satmak üçin oňat bildiriş ýazyp bermegini towakga edipdir. Dosty ol öýe belet bolansoň, ony şeýle bir gowy edip suratlandyrypdyr: öýüň gowy ýerde ýerleşýändigi, tutýan meýdanynyň giňdigi, taslama-gurluşynyň ajaýypdygy, goýry saýaly baglaryň bardygy, suw howdany we hammamy ýaly gowulyklarynyň hemmesini birin-birin ýazyşdyrypdyr. Ol ýazan zadyny dostuna okap beripdir. Öýüni satarman adam bu bildirişi üns bilen diňläpdir, ýene bir gezek okamagyny haýyş edipdir. Dosty muny gaýtadan okanda, öýüni satmakçy adam uly sesi bilen begençli gürläpdir: «Men ömürboýy şeýle jaýda ýaşamagy arzuw edip gezdim. Aslynda, men şeýle jaýda ýaşaýandygymy senden eşidýänçäm, muny asla duýman gezipdirin» diýipdir. Soňra ýylgyrypdyr-da: «Haýyş edýän, gowusy, bu bildirişi hiç ýere ýaýratma. Meniň öýüm satuwa çykarylmaýar» diýipdir. Biz käteler öz ýaşaýşymyza başganyň gözi bilen hem garap göreliň, şonda şükür edere zadyň pikir edişimizden örän köpdügine ýene bir ýola göz ýetireris.