Nesillere ýapylan serpaýlar

19 Dekabr 2024
98

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan akyldar şahyryň eserler ýygyndysynyň iki tomlugy «Magtymguly» ady bilen neşir edildi.

Kitaba dünýäniň golýazma hazynalarynda saklanýan, şahyryň altmyşa golaý diwanlarynda duş gelýän, şeýle-de dürli alymlardan ýazylyp alnan goşgularynyň 700-e golaýy girizilipdir. Kitaba tekstologik derňewler esasynda birnäçe täze goşgularynyň girizilendigi buýsandyryjydyr.

Ýörite habarçymyz.