Şahyryň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

18 Dekabr 2024
62

Adamzat taryhynyň ösüşiniň dowamynda durmuşyň dürli ugurlaryna degişli sözler döräp, belli bir toplumy emele getiripdir. Şeýle sözleriň toplumlarynyň biri-de parahatçylyk hem-de ynam – ynanyşmak sözleri bilen baglydyr. Türkmen diliniň kämilleşmeginde hem-de ösmeginde uly hyzmatlary bitiren Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde parahatçylyk, ynanyşmak bilen baglanyşykly sözlere uly orun beripdir. Şahyr bu meseläniň gymmatly aýratynlygyny açyp görkezmekde parahatçylyk we ynanyşmak bilen manydaş «asuda», «bawar», «mugtaber» ýaly birnäçe sözleri ulanypdyr. Bu ugurda söz ussadynyň döwet galamynyň astyndan çykan sözler halkyň isleg-arzuwynyň beýany bolup ýaňlanýar:

Boş galypdyr gapyl göwre,
Merdana birew jan istär.
Ýürek-bagrym kylyp para,
Asudaýy-zaman istär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.