HABARLAR

Eksport giňeldilýär

Türkmen hususyýetçileri diňe milli ykdysadyýetimizdäki däl, eýsem, eksport bazaryndaky paýyny hem ýyldan-ýyla artdyrýarlar. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran mümkinçilikleriň gurşawynda işleýän türkmen telekeçileri beýleki önümler bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini eksport etmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berlişi ýaly, geçen ýyl gündogar sebitiň hususyýetçileri Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlere pomidor, noýba, ýorunja tohumy, dary, gara jöwen, mäş ýaly oba hojalyk önümlerini eksport etdiler. Bu önümleriň 5 müň tonnadan gowragy daşary ýurt bazarlarynda ýerlenip, olardan ABŞ-nyň 4 million 200 müň dollaryna golaý girdeji alyndy.

Dokma senagaty — üstünlikli ösüşiň ugry bilen

Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda, tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň kuwwatynyň we mümkinçiliginiň nyşanydyr. Bu yzygiderli önümçiligiň täsin kärhanalary öz gurluşy we taýýarlanyş tehnologiýasy boýunça bir wagtda daşary ýurtlara ugratmaga niýetlenen dürli önümleri çykarmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynda pagta süýümi, nah ýüplük we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin lybaslaryň dürli görnüşleri, ýüpek, ýüplük we sapaklar, panbarhat, milli keteni matalary öndürilýär. Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi

Söwda — telekeçiligiň iň gadymy we möhüm ugry

Megerem, bu taryhy tejribe bolsa gerek: täjirleriň ählisine telekeçilik ukyby mahsus däl hem bolsa, işewürleriň ählijesi täjirçiligi biläýmeli. Çünki işewür öndüren önüminden ýa-da hyzmatyndan bazarda diňe peýda gazanmaly, ol hutma-hut çyksa hem bolmaýar. Özem şeýle peýdanyň işewüre diňe bir maşgalasyny eklemäge, işini saklamaga ýeterlik bolany az: oba hojalygynda sap girdeji, beýleki pudaklarda peýda diýlip atlandyrylýan bu ykdysady görkeziji, ylaýta-da, ösüş-örňeýiş üçin gerek. Munuň üçinem ýene bir möhüm ykdysady görkezijiniň — düşewüntliligiň ýokary bolmagy zerur. Ýagny önümçilige ýa-da hyzmata çykaran her bir manadyň getirýän peýdasy köp bolmaly. Diýmek, telekeçi öndüren önümleriniň bazarlykdygyna, özem bäsdeşlikli bazara çykjak harytdygyna düşünip, ony ýerlemegiň aladasyny heniz önüm öndürmäge başlamanka edip, hasap-hesip çykarýar. Her hili bolup biläýjek ýagdaýlary mümkingadar nazara alýan şeýle çylşyrymly hasaba-da häzir «biznes-meýilnama» diýilýär. Ine, şeýdibem telekeçiniň täjirçilik başarnygy ýüze çykýar. Aslynda, «bazar ykdysadyýeti» düşünjesiniň ýüze çykmagy hem şunuň bilen baglanyşykly bolsa gerek. Bitiren işiň gymmatyny özüň kesgitläniň az: önümdir hyzmatyňa ahyrsoňunda bazar baha berýär. Şeý

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ HÄZIRKI ZAMAN NUSGASY «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň rowaç menzilleriniň söhbedi

Şanly ýylda söwda merkezimize 10 ýyl dolýar

Türkmen halky myhmansöýer millet, şonuň üçin «Myhman — ataňdan uly» diýilýän pähime eýerýän halkymyz bu däbi dowam etdirýär. Öý eýesine myhmana saçagy giňden ýazyp, hezzet-hormat etmekde ýakyn ýardamçylaryň biri-de ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap söwda merkezleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir welaýatynda ululy-kiçili söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň arasynda ir bilen sagat 8:00-da açylyp, gije sagat tä 23:00-a çenli işleýänleri-de bar. Bu söwda merkezlerinden bolsa, göwün islän azyklyk harydyňy elýeterli bahadan satyn alyp, gelen myhmany-da, maşgala agzalaryny-da naz-u-nygmata baý desterhan bilen hezzetläp bolýar. Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtynda şeýle söwda merkezleriniň ençemesi halkyň hyzmatynda. Hatda olar halka döwrebap hyzmat etmekde öz aralarynda bäsleşikleri-de yglan edýärler. Ynha, ýakynda biz hem söwdanyň gidişinden fotoreportaž taýýarlamak maksady bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Milli market» söwda merkezine bardyk. Alyjylara medeniýetli hyzmaty, harytlarynyň köp görnüşliligi we ýokary hilliligi bilen adygan bu söwda merkezi depesinde, uly harplar bilen «Söwda merkezi» diýlen ýazgy oturdylan köp gatly

Bäsdeşlige ukyply önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda bu etrabyň Garagan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumynda bolanymyzda anyk göz ýetirdik. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasyna degişli bu zawodlar toplumynyň işe girizilenine sanlyja ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän innowasion tehnologiýaly zawodlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri we gury gurluşyk garyndylary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Harytlara isleg uly

Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigini görkezmek bolar. Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» we «Gala» haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Hyrydarly önümler

Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler özleriniň irginsiz zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hususy ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri ýylyň-ýylyna guwandyryjy zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Hyrydarly önümler

«Gala»! Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan bu haryt nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltmek bilen birlikde, türkmen dokmasynyň milli aýratynlygyny dünýä bazarynda tapawutlandyrýan özboluşly nusgadyr. Önümçilik düzümi yzygiderli artdyrylýan bu dokma kärhanasynda ýokary hilli ýüplükler bilen birlikde, taýýar tikin önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Gözellik, ykjamlyk berlip, ýokary derejede taýýarlanýan önümleriň hataryny ululy-kiçili oglan-gyzlar üçin niýetlenen sport lybaslary, trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri düzýär. Toplumyň bölümleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde, ýokary hilde tikilýän önümler göwnemakul bezegler bilen baýlaşdyrylýar we göze gelüwli gaplara gaplanyp, halka hödürlenýär. Her bir başlangyç özüniň şowly netijesini berende, iş diňe öňe ilerlemek bilen bolýar. Golaýda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gyş pasly üçin niýetlenen kurtkalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önümçilik Gökdepe dokma toplumynyň bölümlerinde-de giň gerim aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede garşylamagy öz öňünde belent maksat edinýän toplumyň hünärmenleri bu önümçiligi-de kemsiz ele aldylar. Geýeniňde amatly, döwrebap, ýokary hilde taýýarlan

Paýtagta görk berýän ajap binalar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şäheriň gözel künjekleriniň birinde türkmen işewürleri tarapyndan gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynda milli Liderimiz bu döwrebap binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigi mynasybetli, täze, döwrebap toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Türkmen telekeçileri paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyryna gatnaşyp, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň öňküden-de gözelleşmegine mynasyp goşant goşdular. Geçen ýylyň aýagynda açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap binalar toplumy baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna ajaýyp sowgat boldy. Binalar toplumy 12 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, söwda we dynç alyş merkezini özünde jemleýär. Şaýoluň iki tarapyny bezän ýaşaýyş jaýlarynyň 14-siniň, Söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de jemi uzynlygy 5564 metr bolan ýollaryň gurluş