Türkmen hususyýetçileri diňe milli ykdysadyýetimizdäki däl, eýsem, eksport bazaryndaky paýyny hem ýyldan-ýyla artdyrýarlar. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran mümkinçilikleriň gurşawynda işleýän türkmen telekeçileri beýleki önümler bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini eksport etmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berlişi ýaly, geçen ýyl gündogar sebitiň hususyýetçileri Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlere pomidor, noýba, ýorunja tohumy, dary, gara jöwen, mäş ýaly oba hojalyk önümlerini eksport etdiler. Bu önümleriň 5 müň tonnadan gowragy daşary ýurt bazarlarynda ýerlenip, olardan ABŞ-nyň 4 million 200 müň dollaryna golaý girdeji alyndy.