«Aýdyň gijeler» aýdyň ýollarda

7 Fewral 2021
2425

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Yşyklandyryş enjamlaryny, şol sanda LED lampalaryny öndürýän önümçiligiň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösdürilmegi netijesinde, uly isleg bildirilýän, daşary ýurtlarda öndürilýän şu kybap harytlara mynasyp bäsdeşlik edip biljek harytlaryň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär.

Täze, innowasion tehnologiýalarda işläp, döwür bilen aýakdaş barýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde şahamça açyp, şol şahamçanyň düzüminde hem tehnologik merkezi döretdi. Bu merkez ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylyp, onuň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalara IT tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, hojalyk jemgyýeti dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, öz önümlerini daşarky bazarlara eksport etmek boýunça hem iş alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine uly goşantdyr.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.