Dokma senagaty — üstünlikli ösüşiň ugry bilen

23 Fewral 2021
2162

Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda, tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň kuwwatynyň we mümkinçiliginiň nyşanydyr. Bu yzygiderli önümçiligiň täsin kärhanalary öz gurluşy we taýýarlanyş tehnologiýasy boýunça bir wagtda daşary ýurtlara ugratmaga niýetlenen dürli önümleri çykarmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynda pagta süýümi, nah ýüplük we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin lybaslaryň dürli görnüşleri, ýüpek, ýüplük we sapaklar, panbarhat, milli keteni matalary öndürilýär.

Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Önümiň täze tapgyry döredilende, möwsümleýin talaplar we alyjylaryň islegi göz öňünde tutulýar. Şunda, esasan, hil-rahatlyk — oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we amatly nyrh syýasatyndan ugur alynýar.

Ogulşirin AKYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.