HABARLAR

Pyragynyň şanly ýyly – adamzadyň kämil ýoly

Eprik

Türkmen halkynyň gadymy çarwa durmuş terzini, edim-gylymlaryny öwrendigiňçe, onuň bir ylymdygyna göz ýetirýärsiň. Esasan hem, çarwa tagamlarynyň taýýarlanyşyna üns berseňiz, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesine haýran galýarsyň. Olar dürli görnüşli azyk önümlerini uzak wagt saklamagyň abyny-tabyny ele alypdyrlar. Ýazlag mahaly bol bolan süýt we süýt önümlerini isrip etmezden, dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Şol tagamlaryň biri hem eprikdir. Ol gatygyň ýa-da çalyň üstüne süýt guýlup, turşadylýan süýt önümidir. Taýýar bolanda bu önümde uýamak arkaly köpürjikler emele gelýär. Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» «eprik» sözüniň «üprük, üpür» sözlerinden dörändigi hakynda aýdylýar. Şeýle usulda turşadylan süýt önüminiň ady «ebruk» görnüşde Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat-et türk» eserinde hem gabat gelýär.

Goluna ýaglyk baglanan

Toý däpleriniň arasynda toýda hyzmat edýän adamlara aýratyn hormat-sylag edilýändigini aňladýan dessurlar bar. Toýa hyzmat etmek uly derejeleriň biri saýylýar. Kim çaý gaýnadyp, nahar ataryp, kimler saçak bezäp, toý eýesini goldaýar, ýardam berýär. Halkymyzyň «Toýuňda gaýtarýan» ýa-da «Toýuňda gaýtsyn!» diýen hoşallyk jümlesiniň manysy, gör, nirede jemlenýän eken. Toýda ak bugdaýyň unundan dürli görnüşli toý çörekleri taýýarlanýar. Çelpek, gatlama, pişme, ýagly petir, gury petir, süýtli çörek, gatlakly çörek, gömme çörek bişirilip, toýa gelen märekä hezzet edilýär. Tamdyrda toý çöreklerini ýapýan, gazanyň başynda durup, dürli çörek önümlerini bişirýän zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Gülşüp-degşip, toýuň şowhunyny artdyryp oturan zenanlaryň biri öý eýesine degip söz açýar: «Gözel daýza, gatlama bişirýän gelin «elim agyrýar» diýýär. Hany, toýa niýetläp goýan ýaglyklaryň biri bilen onuň elini seýikläp goýber!».

Pyragyny wagz eden ulama

Abytnazar birnäçe ýyldan soňra Hudaýnazar halypa bilen haj parzyny berjaý etmäge Mekge-Medinä zyýarata gidýär. Şol döwrüň agyr şertlerinde kerwen bilen zyýarata gitmek örän uzaga çekýän eken. Şoňa görä, beýle uzak ýola çykmak ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Hususan-da, Hudaýnazar halypa gojalansoň halys tapdan düşüp, uzak ýoly ýöremäge gurbaty galmandyr. Abytnazar agasyny arkasyna göterip, ýol aşypdyr. Inisiniň hyzmata jany-teni bilen ýapyşýandygyna Hudaýnazar halypanyň göwni hoş bolup, oňa üznüksiz doga we dileg edip: «Abydym, nesip bolsa, dünýä belli alym bolarsyň, rysgal-berekediň dolup-daşar, abraý-mertebäň daglar aşar» diýip, ak pata beripdir. Mekgä baryp haj parzyny ýerine ýetirýärler. Soňra Medinä gidýärler. Muhammet pygamberimiziň aramgähine zyýarat edip, doga-dilegler edýärler.

Gawunyň peýdasy

Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawun öz düzüminde adam bedenine aňsat özleşdirilýän uglewodlary, esasan-da, şekeri (fruktozany, saharozany), witaminleri (aýratyn-da, C witaminini), askorbin kislotasyny köp saklaýandygy üçin, ol iň oňat iýmitleriň biridir. Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, marmelad, mürepbe, doňdurma, krem ýaly azyk önümleri ýasalýar. Çigidinden alnan künjarasy bolsa halwa we beýleki konditer önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar. Bulardan başga-da, gawun adam bedenine gerekli peýdaly elementler bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr.

Söwüt

Geçmişde adamlar ekerançylykdan diňe bir azyk önümlerini öndürmän, hojalyk, durmuş maksatly önümleriň hem köp sanlysyny öndüripdirler. Olara mysal edip, suw gaby hökmünde ulanylan suw kädini, şeňňil kädini, gyjak kädini, oýunjak kädini görkezmek bolar. Diňe bir ösümlikler däl, agaçlaryň hem köp sanlysy hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylypdyr. Hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylan agaçlaryň arasynda söwüt öňdäki orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ekilýän söwüt agajy geçmişde has köp ulanylýan agaçlaryň biri bolupdyr. Işlemäge ýumşak hem-de ýeňil bolandygy üçin adamlar ony köp babatlarda ulanypdyrlar. Türkmen ak öýleri tutuşlygyna söwütden ýasalypdyr. Arabalaryň süňňi, eýer, gaňňa, arabaeýer hem söwütden edilipdir.

Halk hazynasyndan

Ümürduman Ene-mamalarymyz täze alan gelinlerini öňünden tutup goýan ak öýlerine salyp, gelniň gelmegi bilen baglanyşykly dabarany hem şol öýde geçiripdirler. Gelin gelmänkä, gyz-gelinler ene-mamalarymyzyň tabşyrygy boýunça şol ak öýi bezäp goýupdyrlar. Şeýle bezegleriň biri adaty bezeglerden üýtgeşik bolupdyr.

«Köşekli düýe beräý»

Türkmen halkynyň arasynda ulanylýan durnukly söz düzümleri özbaşyna uly bir hazyna. Olary içgin öwrenip göreniňde şol durnukly söz düzümleriniň haýsam bolsa bir waka ýa-da ahwal bilen baglanyşykly ýüze çykandygyna göz ýetirýärsiň. Durmuşda käte biriniň wajyp, zerur ýumşuny ýerine ýetirip beren adama, şol ýumşy tabşyran kişi hoşallyk bildirip, «Näme bereýin, seniň bu eden işiň muzdy näçe?» diýip soraýýar. Ýumşy bitiren bolsa, «Köşekli düýe beräý» diýýär. Ýumşy bitirilen kişi oňa hiç bir zat bermän, halk arasynda dowam edip gelýän ýörelgä görä, «Onda, Taňryýalkasyn!» diýip, hoşallygyny bildirýär. Şeýlelikde olaryň ikisem razy bolýarlar.

Bagtyň owadan!

Bu güýz ýene owadan geldi. Edil mähriban käbämiň aýdyşy ýaly, säheri çigrese-de, gündizleri salkyn güýz berekede, gözellige baý. Kalbyňdaky bakylygy özüne siňdirip oturan altyn güýz çaga dünýäsine höwür bolan ýatlamalara, heňňamlaryň saralan sahypalarynda ýaşaýan wakalara sary ýol salýar. Güýz säherine maýyl bolan ýapraklar ol söhbetlere gulak goýýan ýaly çalajadan başlaryny yraýarlar. Güýzüň mylaýym gününde biz ejemlere sary ýola düşüpdik. Çagalaryň kalby alaýazdy. Olar az wagtdan mähir ummany bilen mährem ojagy ýyladyp oturan mamalary bilen didarlaşmalydylar. Çagalaryň ekabyrragynyň: «Mamamlara ýetip barýas gerek?!» diýşip, dillenmesi-hä ulagdakylara buşluk habary ýaly bolup eşidildi. Olar özlerini eýýäm edil mamalarynyň töründe ýaly duýýardylar.

«Magtymguly haýwan bilse balasyn...»

Ene ýaly perzende bagryny baglaýan başga hiç kim ýok. Perzendi üçin hiç zatdan gaýtmaýan, oňa geljek bela-beteri ýüzüni çytman, özüne kabul edip bilýän ýeke-täk ynsan — enedir. Muhammet pygamber «Jennet eneleriňiziň dabanynyň astyndadyr» diýen bolsa, beýik akyldarlaryň biri: «Dünýädäki iň beýik ýadygärligi eneler üçin gurardym» diýýär. «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýip, türkmen nakylynda aýdylýar. Perzent üçin bagryny paralamak diňe bir adamzada mahsus däl ekeni. Eýsem, haýwanlaram öz çagasy üçin... Gowusy has anygyny eşitmek üçin bu hekaýatlara gulak goýuň.