Halkymyzyň buýsanjy

3 Oktýabr 2024
419

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralary ata-babalarymyzyň uzak taryhyň dowamynda toý-baýramlarda at çapyşyklary geçirmek ýaly ajaýyp däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezdi.

Alym Arkadagymyzyň behişdi bedewleriň taryhy, seýislemegiň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri atşynaslarymyzyň öz işlerinde uly üstünlikleri gazanmagynda nusgalyk gollanma boldy. Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş Gran-pri baýragyna mynasyp bolupdy.

Agamyrat AKYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.