Dünýäniň az ygally, gurak howa şertli künjeklerinde suwdan peýdalanmagyň tejribesi asyrlarboýy dowam edip gelýär. Adamlaryň tebigatdan suw almak usullary daglardan suw ýygnaýan howdanlaryň gurluşyklaryndan başlap, ýerasty suwaryş ulgamyna birleşdirilen çuň guýulary gazmaga çenli işleri öz içine alypdyr. Şolaryň hatarynda türkmenleriň geçmişde giňden ulanan suw ulgamy bolan kärizler aýratyn orun tutýar.
Käriz suwy uzak aralyklara akdyrmak üçin gurak dag eteklerinde ulanylýar. Ol möwsüme görä suwy kä azalyp, kä köpelip durýan derýalara garanyňda, has ygtybarly çeşmedir.