Terbiýe mekdebiniň ussady

3 Oktýabr 2024
487

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilendigi baradaky hoş habar akyldar şahyryň goşgularyny aňlarynda, gursaklarynda saklaýan ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Sebäbi halkyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Onuň döredijiligi jemgyýetiň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şonuň üçin-de beýik şahyryň goşgulary söýlüp okalýar, aýdym edilip aýdylýar. Şahyryň: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen», «Çagyrylan ýere bar, otur-da turma, çagyrylmadyk ýere barma, görünme» ýaly setirleri nakyla öwrülip gidipdir.

Anna ÝUSUPOW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal welaýat prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.