HABARLAR

Adamzat kalbynyň şahyry

Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik akyldary, sarsmaz sütüni, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly, agzybirlige mertlige dogruçyllyga, il-gününe, Watanyna wepaly bolmaga çagyrýan ajaýyp şygyrlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam ol has-da belende galýar. Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi milli şahyrymyzyň halkara derejesinde ykrar edilen edebi mirasyna goýulýan uly sarpadan nyşandyr. Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyrydyr. Ol biziň kalbymyzdaky pikirimizi bilen ýaly hakykaty ýazypdyr. Akyldar şahyryň parastly sözleri biziň ýüregimiziň törinden orun alyp ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hakynda rus alymy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň sözleri bilen aýtsak “Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda göziňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar”. Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan şygyrlary ölmez-ýitmezdir. Magtymguly ähli döwürleriň, ähli ynsanlaryň şahyrydyr. Çünki şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlary barada söz açýar. Halkymyzyň arasynda “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Kümüş hakda kelam

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi barada alymlardyr ýazyjy-şahyrlar örän köp işleri bitirdiler. Dana Pyragynyň edebi mirasy umman ýaly giň we çuň. Onuň içine aralaşdygyňça, täze giňişlikler açylyp gidip otyr. Biz şu ýazgymyzda Magtymguly Pyragynyň:

Çaga oýunlarynyň ähmiýeti

Türkmen halkynyň milliligini açyp görkezýän köp sanly däpleri, ýörelgeleri, şeýle hem gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem, çaga terbiýesine aýratyn üns berýär. Halkymyz tarapyndan çagalar üçin milli oýunlaryň ençemesi döredilip, olar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Milli oýunlaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdiripdir. Geljekde adamlar bilen gatnaşmagyň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edip gelýär. Halkymyz milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini çaga terbiýesine gönükdirmegi başarypdyr.

Müňýyllyklara 30 ýyllyk syýahat

Gadymy topragymyzyň «Asty-da, üsti-de altyn» diýleni. Sebäbi bu topraga ylmyň dilinde gulak salyp bilseň, müňýyllyklaryň aňyrsyndaky şöhratly menziller barada gyzykly söhbetleriň şaýady bolýarsyň. Bilelikdäki türkmen-fransuz ekspedisiýasy hem 30 ýyl bäri şeýle söhbetleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirip gelýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 22-nji noýabrda açylan «Türkmen-fransuz arheologiki ekspedisiýasy. 30 ýyllyk arheologiki işler: Ulugdepe» atly hemişelik sergi hem şu geçen döwürde alymlaryň bitiren işlerine bagyşlanypdyr. Sergide görkezilen 230-dan gowrak eksponatyň her biri gadymy topragymyzyň taryhy geçmişiniň şaýady. Has dogrusy, olar paýtagtymyzdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ulugdepe ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar. Miladydan öňki VI müňýyllykdan parfiýa, sasanylar döwrüne çenli aralygyň şaýady bolan taryhy ýadygärligiň Merkezi Aziýada başga ýokdugy Ulugdepäni has-da özüne çekiji edýär. Şonuň üçin-de türkmen-fransuz alymlarynyň 30 ýylky zähmetiniň miweleri bolan tapyndylar taryhyň dürli döwürlerini öwrenýän alymlardyr talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Gaýyby nika

Işigimizdäki gelinbarmak üzümli teläriň aşagyndaky tagta seki, kakam aýtmyşlaýyn: «Bagy-zagan — zenanlar köşgüdi». Kakamyň bu diýmegi 1400-nji ýyllarda hyratly türkmen Gara Ýusubyň uýasy Göwherşadyň zenanlar üçin ýörite saldyran bagly-bakjaly mekdebini aňladýardy. Uzyn-uzyn tomus günleri goňşy daýzalar, eneler alajalyk ýüplerini, jorap örýän ýumaklaryny alyp, ertir guşlukda gelişlerine günortanyň öň ýany dagardylar. «Gep başy — iňňejik» edip, öýden getiren toşapdyr mürepbesini, etlidir ýagly nanyny, göklüdir kädili gutabyny orta üýşürip, oba täzeliklerinden başlaýan öý bikeleri bir gürrüňe gyzansoň, geçmişiň gatyna siňip giderdiler. Tumar şa, Selime soltan, Soltan Sanjaryň ejesi Ogulsapar, Jelaleddin Menguberdiniň ejesi Aýjeren, Agaýunus peri, Uzan mama dagy hamala diýersiň goňşuçylykda ýaşan köne tanyşlary ýalydyr. Bir sapar Nury mama zenan ömrüni sanap, «Gulpakly, gabak, ulugyz, malygeçen, gelin, gaýtarma, keýwany, oral aýal, ene-mama, kempir» diýip oturyşyna, gaýyby nikaly başy boglany-da ýatlady welin, goňşy gelinleriň biri: «Kasymyň enesem käte-käte parsylaberýär» diýdi.

Gymmatly tapyndylar muzeýe gowşuryldy

Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik toparynyň (MAFTUR) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylary Şekillendiriş sungaty muzeýine gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň arheologiýa ylmyny öwrenýän alymlary, taryhçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýiş­le­ri ýaly, Merkezi Aziýanyň gadymy ilatynyň oturymly ýaşaýşa geçişiniň, ekerançylyk medeniýetiniň emele gelşiniň we ösüşiniň taryhyny öwrenmekde Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerine aýratyn orun degişlidir. Şeýle gymmatly taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolandygy we olaryň düýpli öwrenilmeginiň dünýä alymlarynda uly gyzyklanma döredýändigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik topary (MAFTUR) döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar aka-demiýasynyň we Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkeziniň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda döredilen bu topar 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki taryhy ýadygärlikleri öwrenm

Türki dünýäniň ýaş döredijileri da­na Py­ra­gy­ny we Äne­wi wasp et­di­ler

Paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» myh­man­ha­na­syn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na (TÜRK­SOÝ) ag­za döw­let­le­riň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 41-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da düz­me ýaz­mak we su­rat çek­mek bo­ýun­ça ozal yg­lan edi­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy hem ge­çi­ril­di. Oňa TÜRK­SOÝ-nyň Baş sek­re­ta­ry S.Ra­ýew, tür­ki döw­let­le­riň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň Bi­lim, Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň we ola­ryň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri gat­naş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri­niň şu ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li, TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan tür­ki dil­li ýurt­la­ryň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da

Ýol­lar ýe­ne Äne­we ge­tir­di...

Geçmişden janly ýadygär

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýeten batyrgaý alabaý itleri türkmen halysy, ahalteke bedewleri bilen deň hatarda halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysalydyr. Şundan görnüşi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky orny uludyr. Üstünden nijeme heňňamlar geçse-de, mizemän saklanan taryhyň küt-küt sahypalary türkmen alabaýlary hakda buýsandyryjy maglumatlary habar berýär. Bu hakda iň gadymy ýazgylar Marguş topragynda dörän otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby «Awestada» beýanyny tapypdyr. Kitabyň «Widewdat» bölüminiň «It» babynda itleriň adamzat üçin gününi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin döredilen jandardygy aýdylýar.

Sazlarda uza öwrülen şygyrlar

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň milli mertebesini belende göterýär. Ol paýhaslylygyň, adamkärçiligiň, adyllygyň nyşany bolup, her bir türkmen üçin nusgalyk ýörelgedir. Beýik taryhy maksatlary nazarlaýan halk öňde goýýan wezipelerine ýetmek üçin etmeli hereketlerine çeşme bolarlyk gujury akyldar şahyryň döredijiliginden alýar. Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýeti indi üç ýüz ýyldan bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Beýik şahyryň paýhasly şygyrlary halkyň kalbyna tenekar. Şeýle hem beýik Pyragynyň bütin döredijiligi milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we ahlak gymmatlyklaryny açan Magtymguly Pyragydyr.