Adamzat kalbynyň şahyry

3 Dekabr 2024
124

Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik akyldary, sarsmaz sütüni, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly, agzybirlige mertlige dogruçyllyga, il-gününe, Watanyna wepaly bolmaga çagyrýan ajaýyp şygyrlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam ol has-da belende galýar. Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi milli şahyrymyzyň halkara derejesinde ykrar edilen edebi mirasyna goýulýan uly sarpadan nyşandyr.

Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyrydyr. Ol biziň kalbymyzdaky pikirimizi bilen ýaly hakykaty ýazypdyr. Akyldar şahyryň parastly sözleri biziň ýüregimiziň törinden orun alyp ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hakynda rus alymy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň sözleri bilen aýtsak “Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda göziňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar”. Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan şygyrlary ölmez-ýitmezdir. Magtymguly ähli döwürleriň, ähli ynsanlaryň şahyrydyr. Çünki şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlary barada söz açýar. Halkymyzyň arasynda “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Malahat ERGEŞOWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.