Hywa hakda söhbet

21 Noýabr 2024
524

1996-njy ýylyň Şirgazy han medresesiniň golaýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkeli oturdyldy.

Gadymy türkmen durmuşynda «Hywa» sözi bilen baglanyşykly leksik aňlatmalar köp duş gelýär. Muňa mysal edip Hywaabat (Kaka etraby), Hywaýol (gadymy Kesearkaç — Hywa kerwen ýoly), Hywalyoba (Boldumsaz etraby), Hywaçyoý (Köneürgenç etraby) ýaly hojalyk, suwaryş, ekerançylyk we durmuş hyzmatlarynyň dürli pudaklarynda işjeň ulanylýan düşünjeleri agzamak bolar. Hywa şäheri Demirgazyk Türkmenistanyň köp sanly sebitleri bilen serhetleşýän, Orta Aziýada, Özbegistanyň çäginde, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän iň gadymy ylmy, medeni, söwda-ykdysady, syýahatçylyk merkezleriniň biri bolupdyr. Ol gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan taryhy-arheologik, medeni ýadygärlikler toplumynyň ajaýyp nusgalaryna baý bolan meşhur ýerleriň biridir. Hywa şäheri Türkmenistanyň Görogly etrabynyň merkezinden 55 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýär. «Heýwa» sözünden gelip çykan («dury suwly çuň guýy» diýmek) Hywa şäheri XVII asyrdan soň sebitleriň taryhy sahnasynda paýtagt hökmünde has-da şöhratlanyp başlaýar. Şäher neşirýat, foto, kino işleri, kitaphanaçylyk, sungat, sopuçylyk taglymaty, minara, külalçylyk, hanaka, köşk binagärligi we Gündogar aşpezliginiň köpdürlüligi boýunça Özbegistanda birinji orunda durýar. Ol 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe bolup, 1990-njy ýylda Hywadaky Içan-kala toplumynyň çäklerindäki taryhy-arheologik, medeni ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulýar. Şäheri gurşap alýan, uzynlygy 2 kilometrden gowrak, beýikligi 10 metr, galyňlygy 6 metr bolan toýun diwaryň dört derwezesi bar. Olar dünýäniň çar künjüne misli ak ýol arzuw edýän kaşaň, haşamly derwezelerdir. Derwezeleriň günbatar ugry — Ysmamytata, Bagça derwezesi Ürgenç şäherine — Horezmiň ozalky paýtagty Köneürgenje, Pälwan derwezesi Amyderýa tarapa we Taş derwezesi bolsa günorta tarapa ýol açýar. Içan-kalanyň düzümine taryhy desgalaryň 60-a golaýy girýär. Bu ýerde Köne Ark gala, Uly Howly köşgi, 213 sany dik sütüni bolan meşhur Juma metjidi, Hywanyň nyşany bolan Islam Hoja minarasy ýaly ençeme taryhy ýadygärlikleri görmek bolýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.