Ýol­lar ýe­ne Äne­we ge­tir­di...

28 Noýabr 2024
203

Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Änew şä­he­ri­niň bu ab­raý­ly de­re­jä eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dür­li maz­mun­ly çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 16-njy no­ýabr­da bol­sa Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da şol çä­re­le­ri jem­le­mek da­ba­ra­sy hem-de onuň çäk­le­rin­de tür­ki döw­let­le­riň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy.

Da­ba­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň, TÜRKSOÝ-na ag­za döw­let­le­riň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem bar.