HABARLAR

Änew — ähli döwürler üçin täsin bir älem

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär. Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit şu toprakda ýetişdirilen bolsa, diýmek, ilkinji oturymly ýaşaýyşlar, ilkinji suwarymly ekerançylyklar, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde kemala gelip başlapdyr diýip, arkaýyn aýtsa bolar.

Magtymguly — many ummany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary biziň her birimiz üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Onuň goşgularyny ýat bekläp, dürdäne setirlerinden her bir ädimimizde sapak almak, ussat şahyryň öwüt-ündewlerine uýup, pentlerini görelde edinmek biz — ýaş nesilleriň borjudyr. Şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin onuň her bir sözüne düşünmek, aňladýan manysyny, gelip çykyşyny öwrenmek gerek. «Güneş» žurnalynyň «Söz manysy» atly sahypasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda duş gelýän sözler barada maglumat berseňiz, has-da täsirli bolar. Käbe TAGANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy.

PARYZDEPÄNIŇ KÄRIZLERI

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki böleginde üýtgeşik käriziň üstünden barlandygy baradaky habary diňläp, degişli ýolbaşçylara gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyny geljekde ylmy taýdan öwrenmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy suw desgasy bolan kärizler barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýadaky ilkinji käriz ulgamynyň döredilendigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Kärizgenler gadymy döwürlerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele almagy başarypdyrlar. Paryzdepäniň çäklerinden käriz ulgamynyň taryhy yzlarynyň tapylmagy bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Kärizler arkaly suwaryş ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzda ösen ekerançylyk medeniýetiniň bolandygynyň aýdyň güwäsidir.

MAGTYMGULY WE IBN SINA

Türkmenistanda ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmäge, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini, nusgawy şahyrlarydyr beýik akyldarlarynyň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmäge we gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Türkmeni dünýä tanatmakda meşhur lukman Abu Aly ibn Sinanyň we beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras galdyran gymmatly eserleriniň hem uly paýy bardyr. Lukman Hekim X-XI asyrlarda ýaşap geçse-de, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda onuň adyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Bu bolsa şahyryň özünde tebigaty öwreniji alymyň, lukmanyň, filosofyň, söz ussadynyň zehinini bir ýere jemlän Awisennanyň şahsyýetinden hem-de onuň lukmançylyga degişli eserlerinden habarly bolandygyna şaýatlyk edýär. Lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sina dünýä halklary çäksiz hormat goýýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr» diýip belleýär. Geç

Magtymguly

Dana atam Magtymguly, Arzuwlaryň hasyl boldy.Arşa galyp şöhratymyz, Abraýymyz has ulaldy. Göterildi ykbalymyz, Diýarymyz berkarardyr.Dünýä dolup kuwwatymyz,Günbe-günden berkeýändir.

Sag­ry ädik

Watansöýüjiligiň ruhy doktrinasy

Ýurdumyz Milli Liderimiziň parasaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasaty, ahalteke bedewiniň bady hem-de Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik söz ussadynyň döredijiligini dürli jähtden, çuňňur we köptaraplaýyn esasda öwrenmek, ony wagyz etmek ýurdumyzda zähmet çekýän ähli kärdäki adamlaryň, ylym-bilim we sungat işgärleriniň, şol sanda Watan goragçylarynyň kalplaryna beslän maksatlarynyň birine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik häsiýetli goşgulary merdana ata-babalarymyzyň mertlik, batyrgaýlyk duýgularyna ýugrulandyr. Bu duýgular bolsa watansöýüji adamyň ruhunda ýaşaýar. Muny şahyryň şu setiri açyp görkezýär:

Kak suwy

Garagumda oturymly çarwalar, şeýle hem örüde dowar bakýan çopanlar uzak ýyllaryň durmuş tejribesinden kak suwundan peýdalanmagyň özboluşly tärini oýlap tapypdyrlar. Muňa ýakynda çarwa obasyndaky döwrede bolan söhbetdeşlikde göz ýetirdim. Ýagny ýaz aýlarynda takyrlyklara ýagan ýagyş suwunyň oý, toýun ýere ýygnanan ýerine «kak» diýilýär. Kak suwy bulanyk bolýar. Emma gumlular ony durlamagyň özboluşly tärini tapypdyrlar. Garagumda köne derýalaryň we kölleriň gurap giden ýerinde — depizlerde gips görnüşli gatlak duş gelýär. Ol ýerasty suwlaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Şol gipsiň bir tokgasyny oda gömüp, mazaly ýakypdyrlar. Oda ýakylan gipsiň sähelçesini bulanyk kak suwuna atyp, kak suwuny durlapdyrlar. Çünki şeýle edilende, suwuň düzüminde toprak derrew aşak çökmek bilen bolýar. Şeýle usulda alnan suwdan gara taňkada demlenen, ojar odunyň tüssesi siňen çaýy içmegiň hem özboluşly lezzeti bar.

Çypdy

Çagalykda gören-eşidenleriň ömürbaky hakydaňa möhürlenýär eken. Arada bir märekede çypdy hakynda gürrüň gozgaldy welin, çagalygym bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalar hakydamda janlandy. Çypdyly gürrüňlere gulak asyp oturyşyma, goňşymyz Mätkerim aganyň çypdy dokap oturşy göz öňüme geldi. Ol ýekenleri biri-biriniň arasyndan geçirip, dokap bolansoň, çypdyny agaç çekiç bilen üstünden gaýym urup tekizlärdi. Şeýlelikde, bir keçäniň göwrüminde otdan dokalan düşek taýýar bolardy. Ondan soň ýaşuly ony saýaly agajyň aşagyna düşäp, üstünden keçe ýazyp, öz zähmetiniň hözirini görýän ýaly arkaýyn oturyp çaý içerdi. Şu görnüşler meniň çagalygymdan bäri ýadymda. Men muny ilkinji gezek görenimde örän geň galyp, bu barada ejeme gürrüň beripdim: «Eje, Mätkerim aga gök otdan birgeňsi düşek ýasaýdy!». Şonda ejem: Hä, balam, ol ot däl, oňa «ýeken» diýilýär. Ol ýaplaryň, salmalaryň boýunda bitýän ösümlikdir» diýip, maňa düşündirdi. Ýekenden dokalan düşege-de «çypdy» diýilýändigini şonda bildim. Ol keçäniň aşagyndan ýazylanda, özünden ýokary çaň-tozan we çyglylyk geçirmeýär. Onuň üstüne hiç zat ýazman ulansaň hem bolýar. Şol äpet çekiç hem tut ýa-da igde agajyndan ýasalýar. Sebäbi şol agaçlaryň gaty berk bolýandygy hakynda ejem

Milli däbim — mertebäm

Ynsanperwerlige ýugrulan oýunlar Türkmen milli oýunlarynda awçylyk, balykçylyk, maldarçylyk bilen bagly däp-dessurlar öz beýanyny tapypdyr. Suwy, ýeri aýawly saklamak, ojagy, ody goramak ýaly ýörelgeler biziň günlerimize gelip ýetipdir. Mergenligi, ylgamagy, uzakdan görüjiligi, duýgurlygy, hüşgärligi talap edýän oýunlar oguzlaryň ýaşan döwründen bäri milli aýratynlygyny saklap gelipdir. Milli oýunlar öz gözbaşyny türkmen durmuşyndan alyp gaýdýar. Halkymyz ene ýere ýyly girensoň, gije-gündiziň ýazky deňleşmesinde, ýagny Nowruz baýramyndan soň toý däp-dessurlaryna uly orun beripdir. Bahar baýramynda ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçupdyrlar, henek aýdyşypdyrlar. Gyzlaryň arasynda monjugatdy oýny has ýörgünli bolupdyr. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän gününde at çapyşygy guralypdyr. At çapyşygynda ýeňijä öküz, düýe, ogşuk, haly-keçe serpaý edilipdir.