Sag­ry ädik

11 Aprel 2024
985

Saw­çy­lyk bi­len bag­ly hal­ky­myz­da şeý­le bir des­sur bar. Saw­çy­lar ba­ran ýer­le­rin­de söz­le­ri alyn­ma­sa: «Sag­ry ädik­lim sag bol­sa, sal­la­nyp ge­ler sa­ry gyz» di­ýip gaý­dyp­dyr­lar. Bu jüm­le­dä­ki «sag­ry ädik­lim» sö­zi öý­len­jek ýi­git ma­ny­syn­da aý­dyl­ýar. Sag­ry ädi­giň nä­me­li­gi­ne göz ýe­ti­ren ha­la­ty­myz­da, öý­len­jek ýi­gi­diň mer­te­be­li ýi­git­di­gi­ni aň­mak bol­ýar.

Sag­ry ädik onuň hi­li­ni aň­lad­ýar. Adat­ça, ädik 4-5 ýa­şan er­ke­jiň, iki ýa­şan ökü­ziň ha­myn­dan oňat iş­le­ni­len gön­den ti­kil­ýär. Aýak­gap us­sa­la­ry bir er­ke­jiň, ökü­ziň de­ri­sin­den bir­nä­çe ädik, ço­kaý çy­kar­ýar­lar. Mal­la­ryň de­ri­si­niň ga­lyň-ýu­ka­ly­gy bir te­kiz bol­ma­ýar. Ma­lyň ger­şi­niň ha­my ar­ka­sy­nyň ha­my­na gö­rä has ga­lyň gel­ýär. Şo­nuň üçi­nem aýak­gap us­sa­la­ry gö­ni ke­sen­le­rin­de, her jü­büt aýak­ga­byň ga­lyň-ýu­ka­lyk de­re­je­si­ni sak­la­ýar­lar. Şon­da ma­lyň sag­ry­syn­dan ke­si­lip ti­ki­len ädik ýe­ňil­li­gi, ýum­şak­ly­gy, geý­len­de aýa­ga ýa­kym­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şonuň üçinem ma­lyň sag­ry de­ri­sin­den ti­ki­len ädi­k ar­zy­ly bo­lup­dyr. Sag­ry ädi­giň ba­ha­sy beý­le­ki ädikler­den has ga­la bo­lup­dyr. Ony, köp­lenç, gurp­ly adam­lar ge­ýip­dir.

Şöh­rat AB­DY­ÝEW,
mi­ras­gär.