Düýeler bilen baglanyşykly esbaplar

9 Aprel 2024
891

Maldarçylyk türkmenleriň gadymdan meşgullanyp gelýän ugrudyr. Düýedarçylyk hem maldarçylyk pudagynyň biridir. Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy bimöçberdir.

Türkmen zenanlary düýe malyny dürli esbaplar bilen bezäpdirler. Muny biziň günlerimize çenli gelip ýeten esbaplar hem tassyklaýar. Şol täsin el senetleriniň biri-de düýehalykdyr. Düýehalyk ýörite taýýarlanan keçeden we şuňa meňzeş zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýan onuň örküji öter ýaly, ortasy dilinen esbapdyr. Düýehalyklar dürli şekiller bilen bezelýär. Düýehalykda türkmen sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň gyrasyna nagyş hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniň şekilidir. Onda toý baradaky arzuwlar beýan edilipdir.

Akjemal HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.