Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun ekerançylyk medeniýeti, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýän täze eseri bada-bat uly seslenme we gyzyklanma döretdi.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gabatlanyp, halkymyza sowgat edilen täze kitap bahasyz gymmatlykdyr. Şu günler diýarymyzda giň gerim alan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we birnäçe bölümden ybarat bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada edilýän gürrüňler ählimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär.