HABARLAR

Egnagaç

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen gurallarydyr senetleriniň biri-de egnagaçdyr. Oba ýerlerinde wagtynda has-da ýörgünli bolan bu senedi türkmeniň çarwa hasaby boýunça gartaňlyk we garrylyk müçelerinde gezip ýören adamlar has-da oňat bilýärler. Halkymyzda orunlary hemişe törde bolan şol ýaşdaky mährem enelerimiziň haýsy biri bilen gürrüňdeş bolsaň: «Egnagajy häzirki ýaş-ýeleňler, ösdürimler bilmese bilmez welin, biz ýaş wagtlarymyz onuň bilen akar ýapdan, guýudan gatnap köp suw daşandyrys» diýip aýdýarlar. Maşgala, hojalyk üçin gündelik zerur bolan suwy egniňde daşamak suwly gaby eliňde göterip daşandan ýeňil bolansoň, gelin-gyzlarymyz bu işde egnagajyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Ol iki metr uzynlykdaky çalarak egrelen agaç bolup, onuň iki ujunda halkasy bolupdyr. Egnagajyň her tarapyna bir suwly bedre, käbir ýagdaýlarda küýze we suw kädisi dakylyp egne göterilip suw daşalypdyr. «Egnagaç» adynyň şondan gelip çykandygyny hem wagtynda onuň hyzmatyndan peýdalanyp gelen enelerimiz aýdýarlar. Onuň bilen suw daşalanda egne goýulýan ýeri egne batmaz ýaly ýasy hem ýumşak daňy eilipdir. Käte şonuň ýerine deri hem daňylypdyr. Egnagaçda suw daşalanda, bir eliňi onuň öň tarapyndan üstüne taşlap edaly ýöremeli bolupdyr. Şonda ondan asyl

Türkmeniň milli keçe sungaty

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň ajaýyp medeniýeti we sungaty bar. Milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Türkmen zenanlary inçe egrip, syk dokamagy başarýarlar. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan dörän halydyr palas, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de, milli özboluşlygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen keçe sungatydyr. Çaga wagtlarym garry mamam bize babamyň goýunlarynyň her ýylky güýz gyrkymyndan alan ýüňlerinden keçe ederdi. Mamamyň şol wagt aýdýan gürrüňleri gulagymda galypdyr: «Goýnuň ýazky gyrkymynyň ýüňini jorap, jempir we beýleki zatlar üçin ulanmak amatlydyr. Güýzki gyrkymynyň ýüňi hem keçe, palas, haly önümlerini dokamak üçin taýýarlansa gowy bolar diýerdi. Sebäbi «güýzki gyrkymyň ýüňi ýumşak bolýar» diýerdi.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Ha­zar­ýa­ka şa­ha­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Aş­ga­bat­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Ha­zar­ýa­ka şa­ha­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň se­bit­le­ýin du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu barada Türkmen döwler habarlar gullugy habar berýär.

Kalp­la­ry bir­leş­dir­ýän şahyrana dünýä

10-njy de­kabr­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mä­ge, ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, däp-des­sur­la­ry­my­za hor­mat goý­mak ru­hun­da, yn­san­per­wer hä­si­ýet­ler­de ter­bi­ýe­le­mä­ge uly go­şan­dy­ny goş­mak ar­ka­ly dür­li ul­gam­lar­da zäh­met çe­kip, aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan ra­ýat­la­ry­my­zy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­lar äh­li top­lum­lar­da ge­çi­ri­lip, ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar ýyg­na­nan­la­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bi­len mä­hir­li gut­la­dy­lar hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne alyp bar­

Haly — gözellik dowamaty

Türkmen halysy her bir ynsanyň ruhy teşneligini gandyrýar. Çitimlerden döreýän gudraty synlanyňda türkmen ojagynyň buýsanjy bolan enelerimiziň, göz guwanjymyz bolan gyz-gelinlerimiziň näderejede ukyp-başarnyklydygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen tebigatynyň söz bilen waspyny ýetirip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlarymyzyň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi nagyşlaryň üsti bilen beýan edýän halyçylyk sungatymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. «Dört gazygyn diräp Zemin döşüne, toprakdan başlanýar bu beýik sungat» diýlişi ýaly, toprakdan başlap, toprakda gutarýan ajaýyp halylaryň içinde, gör, näçe sany arzuw-hyýallar, umytlar ýatandyr. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy bu gymmatlyklarymyzyň bütin dünýäde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir. Haly dokamaklyk sabyrlylygy, irginsizligi, tutanýerliligi talap edýär. Zenan elleriniň gudratyndan dörän bu ajaýyp sungat eseri ene-mamalarymyzdan nesillerimize galan mirasdyr, geçmişimizden janly şaýatdyr, her bir maşgalanyň buýsanjydyr. Tü

Tulparyň alamatlary

Halkymyz ýylky sürüsi dogrusynda «Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar» diýen nakyly döredipdir. Bu nakyly öňden eşidip ýörenem bolsam, tulparyň nähili at bolýanyny anyk göz öňüne getirip bilmeýärdim. Ony has üýtgeşik, saýlama atdyr öýdýärdim. Ýöne onuň başga alamatlary-da bar ekeni. Irki döwürde ömrüni bedew atlaryny seýislemäge bagyşlan ussat seýisleriň biri bilen söhbetdeş boldum. Çaý başyndaky söhbetdeşlikden soň, atlary ýakyndan synlap görmek üçin athana ugradyk. Athananyň daş işiginde diwardan asylan haýsydyr bir malyň injik süňki ünsümi çekdi. Oňa ünsümiň gönügenini bilip, seýis düşündirmäge durdy:

Sungata öwrülen senet

Türkmen keçesi hem edil el halysy ýaly öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir. Ene-mamalarymyzdan miras galan, sungata öwrülen senet bolan keçe barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýip, belleýär. Suwy ursaň sozulmaz,Daşa ursaň döwülmez,Eýi ýetse eýilmez,Suwa ýetse süzülmez.

Bilguşagym bilimde

Halkymyzyň taryhy köklerini gadymdan alyp gaýdýan örän nepis, owadan, milli egin-eşikleri bar. Olaryň hersi öz ornunda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen milli lybaslary örän özüne çekiji, göze gelüwli. Sebäbi olarda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň elleriniň yzlary, bu sungata bolan yhlasy, söýgüsi bar. Şol milli miraslarymyzyň biri-de bilguşakdyr. Bilguşak matadan taýýarlanylýar, ýüňden dokalýar. Erkek kişileriň bilguşaklary zenan bilguşaklaryndan tapawutly bolýar.

Taryhy-medeni mirasymyz dünýä ýaýylýar

Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň açylyş dabarasy boldy. Daşary işler ministrliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde guran duşuşygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Gadymy türkmen topragy – adamzadyň gymmatly hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp baryl