Edebi mirasy — ylham çeşmesi

4 Dekabr 2024
181

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga uly hormat goýulýandygyny alamatlandyrýan şöhratly ýyl bolup taryha girer. Üstümizdäki ýylda ussat şahyryň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde belent dabaralara beslenmegi akyldaryň sarpasynyň beýikdigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Magtymgulynyň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler. Hut şoňa görä-de, nusgawy türkmen şahyrynyň ýubileý toýy bu gün Ýer ýüzünde giňden toýlanýar». Halkara derejede maslahatlaryň, dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda örän ähmiýetlidir. Şygyrlarynda dost-doganlygy, agzybirligi dabaralandyran şahyryň döredijiligini öwrenmek bilen birlikde, halklaryň dostluk köprüsine öwrülendigini hem bellemek gerek.

Akyldar şahyryň ynsanperwerlige we belent ahlaga ýugrulan edebi mirasy her bir döredijilik adamy üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Onuň çeper keşbine hem-de ömri we döredijiligine ýüzlenmek bilen, täze kämil eserler döreýär. Hut şonuň üçinem dana Pyraga bagyşlanyp, nakgaşçylykda, heýkeltaraşçylykda, kino sungatynda we beýleki ugurlarda döredilen eserler Pyragyny hasam beýgeldýär.

Gurbandurdy TEKÄÝEW,
Gyzylarbat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.