Taraş. Ilimizde: «Ýaba taraş, gyza gaş ýaraşar» diýen aýtgy bar. Bu söz oba adamlaryna beletdir. Çünki ýabyň içi gazylandan soň onuň iki gyrasyna taraş urulýar, ýagny pil bilen timarlanylýar, ýylmanylýar. Bir zada timar bermek, syntgalamak manyda ulanýan bu söze akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem gabat gelinýär:
«Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar».