Hakyň ýolundaky beýik ynsan

4 Dekabr 2024
215

Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň üsti bilen Hazara guýýan döwründe onuň boýunda ençeme şäherler, oba-kentler ýerleşip, bu ýerlerde ýaşaýyş, medeniýet gülläp ösüpdir. Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag düzlügi hem bagly-bakjaly, ekerançylygyň ösen ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde ýerleşýän Bötendag belentligi, rowaýatlara görä, bir gijede peýda bolanmyş. «Syrly, güberip duran, göçüp gelen» ýaly manylary aňladýan bu belentlik uzaklardan seredeniňde takyr meýdanda bir ýerden getirilip goýlan dag bölegine çalym edýär. Bötendag belentliginiň günorta böleginiň iň belent ýerinde Ybraýym Edhem ady bilen meşhur bolan şahsyýet bilen baglanyşykly ýadygärlikler toplumy bar. Ol halkyň köpçülikleýin zyýarata gelýän ýerleriniň biridir. Bu ýerde boýy äpet uzyn adam hökmünde suratlandyrylýan Çilgez sopy, onuň guran Garawul diňi baradaky gürrüňler hem köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Ybraýym Edhemiň keramatly adam bolandygy barada halk arasynda dürli rowaýatlar aýdylýar.

Aýtmaklaryna görä, Ybraýym Edhem ruhy gymmatlyklaryň hatyrasyna özüniň soltanlyk tagtyndan geçipdir. Ol şeýle diýipdir:

Güljahan BEKGYLYJOWA,
Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.