HABARLAR

Taradan çykýan çabytlyk keteniler

Aklymallaýy keteni — beýleki ketenilerden tapawutlylykda, akly zolagy ýiti bolýar. Bu keteniden gyz-gelinler çabyt geýinýärler. Sarysy öçügsi çabytlyk keteni — bu keteniniň sarysy gyzardylyp boýalýar. Gelinlere niýetlenip dokalýar. Gelinler bu keteniden çabyt tikinip geýinýärler.

Eltili gelin engamly «Orun don» toý däbi hakynda söhbet

Gyşyň iniňi düýrükdirýän sowujak howasyny balalary baradaky arzuwlary bilen ýylatmak isledimi, nämemi, Maýsa gelin işden gelşine, gaýynenesine matlabyny beýan etdi: — Enesi, alty aý diýeniň hä diýmän geçer. Täze ýylyň bir ujundan kertilip ugransoň, derrew ýaz aýy geler-de, ekiş diýersiň, ýekelemä haýdarsyň, nädip tomsuň golaýlanyny bilmän galarsyň. Şu gün arkaýynlykda ýene-de bir gezek gelnimize niýetlän bukjamyzy ine-gana gözden geçiräýeliň — diýdi. Bu mährem sözler Ýazjemal daýzany edil gelnalyja giden mähelläni alkyşlaýan pursadyna ýetirdi: «Diliňe döneýin balam, sag-aman gelniňi getirip, öýe salmak, agtyk-çowluk söýmek saňa nesip etsin, Alla jan! Agtyk gelnimiň elinden çaý içmek, hyzmatyny görmek maňa-da nesip etsin-dä, hernä!»

Gözel gölleriň öwüşgini

Türkmen halysy gözellik dünýäsi. Onda türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaýlasy, dag-deresi, jülgeleri, baglary al-elwan reňkleriň üsti bilen şöhlelendirilýär. Türkmen halysynyň taýsyz gözelligi hakdaky oý-pikirler bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine ýetenimi duýman galypdyryn. Paýtagtymyza aýratyn ýaraşyk berip duran muzeý bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde has gadymy halylar we haly önümleri ýerleşdirilipdir. Muzeýiň ikinji bölüminde Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryna mahsus bolan halylar bezeýär. Üçünji bölümde özüniň ajaýyp görki bilen haýrana goýýan äpet halylar gözüňi dokundyrýar. Dördünji bölümde Mary we Lebap welaýatlarynyň halylary, bäşinji bölüm bolsa «Galkynyş» diýip atlandyrylyp, ene-mamalarymyzdan gelýän däpleri dowam etdirip, ajap zamanamyzda täze-täze nagyşlar bilen baýlaşdyrylan halylar ýerleşdirilipdir.

Halkymyzyň asylly däpleriniň beýany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň taryhy wakalaryna beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň çap edilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

«Kakam henizem 32 ýaşynda...» 81 ýaşly enäniň şeýle sözler bilen başlanýan söhbedi kalbyňda tolgunma döredýär...

«Watan» diýlende, her bir ynsanyň göz öňünde juda ajaýyp hem owadan görnüş janlanýan bolsa gerek?! «Watan» diýlende, käbir adamyň serine gül-gülälekli dag-düzlerimiz, käbirleriniňkä belent-belent ymaratly şäherlerimiz gelýän bolsa, kimler üçin Watan — ähli eziz zatlary goýnunda saklap oturan barlyk, ümmülmez ýeňişlere beslenen geljek, iň mähriban ynsanlardyr. Hawa, her birimiz üçin «Watan» diýlende döreýän mähriban hem ýakymly duýgular bar. Ýöne haçan-da, «Watan» diýlende, parahatçylygyň goragy üçin serhet aşyp giden mähriban pederiň keşbi, ondan galan ýalňyz ýadygär surat kimin gözleriňde janlanýan bolsa, onuň ýürekde döretjek duýgusy hem juda üýtgeşikdir. Onda-da, hakydaňda galan şol mähriban keşp, Watan üçin janyny orta goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen gerçegiň harby lybasly keşbi bolsa... Ynha, şeýle çuňňur duýguly kalbyň eýeleriniň biri-de Enetäç Hajyýewa. 81 ýaşyny doldursa-da, kakasynyň — Ata Geldimyradowyň harby lybasdaky keşbi henizem hakydasyndan gitmedik bu enäniň gürrüň berjek ýakymly ýatlamalary hemmeler üçin hem tolgundyryjy bolsa gerek...

Türkmeniň milli mukaddeslikleri

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýaş nesli watansöýüjilik, wepadarlyk, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde iňňän gymmatly gollanmadyr. Şundan ugur alyp, kitapdaky şu dürdäne pähimleri okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Zeminiň abatlygy — dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy.

Medeni gymmatlyklaryň hukuk goraglylygy

Medeni mirasy goramak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýedir. Taryhy-medeni mirasy goramagyň konstitusion hukuk kadalary hem-de bu ugurdaky kanunlaryň düzgünleri medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, gorap saklamagyň kadalaryny hem-de düzgünlerini özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle namalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi bilen baglanyşykly resminamadyr. Onda ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Munuň üstüni ýetiren möhüm ähmiýetli hukuk namalarynyň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda» Kararydyr. Bu resminama ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kararyň 1-nji bendine laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk,

Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Ata-babalarymyzyň galdyryp giden golýazmalaryna, taryhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna nazar aýlasaň, türkmen halkynyň geçmişde ençeme şöhratly döwletleri gurandygyna, öz mukaddesliklerini apalap saklandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň syrly sahypalaryna näçe içgin aralaşdygyňça, ata Watanyň abadanlygy, il-günüň asudalygy üçin göreşen merdana gerçekleriň, ady älem içre ýaň salan şahsyýetleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Diýmek, türkmen halkynyň öz geçmişine buýsanmaga ynamly gadamlar bilen öňe gitmäge doly haky bardyr. Hawa, geçmişde ýagty geljege umyt baglap, nesilleriň erkinligine ýetmegini arzuwlan ata-babalarymyzyň ýagşy hyýallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Pederlerimiz dünýäniň parahatçylygyny ömürboýy köňüllerinde göteripdirler. Ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaşlary ata Watana bolan söýgi, şeýle hem milli gylyk-häsiýetlerimiziň ruhunda has kämil derejede terbiýelemekde Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki belli şahslarymyzyň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserlerine salgylanmak örän täsirlidir. Çünki taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahslarymyzyň eserleri, milli mirasymyz, taryhy gymmatlyklarymyz şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegini wagyz edýär.

Nagyşlary özboluşly şaý-sepler

Türkmeniň zergärçilik sungaty älemgoşar ýaly köp görnüşlidir. Ol milli sungatymyzyň düýp mazmunyna, onuň döreýiş we ösüş taryhyna düşünmäge ýakyndan ýardam edýär. Ata-babalarymyz şaý-sepleri, esasan, kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümşüň saglyga peýdasy gadymdan bäri mälimdir. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşygyny sazlamaga kömek edýär. Zergärler aýal-gyzlar, atlar üçin örän ajaýyp şaý-sepleri ýasapdyrlar. Gyzlara, gelinlere, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr. Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük, apbasy gyzlara degişli şaýlar bolsa, asyk, saçýüzi, maňlaýlyk, bilezik, çapraz-çaňňa gelinlere degişli şaýlar hasaplanypdyr. Ýaşy birçene baran zenanlar düwmeleri, şelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly şaýlary dakynypdyrlar. Şaý-sepler çagalara-da dakylypdyr. Oglanjyklar üçin ok-ýaý şekilli şaýlar, gyzjagazlar üçin düwmeler, dogaçyr ýasalypdyr.

Agsak towuk

Bu oýun sport meýdançasynda ýa-da sport zalynda geçirilip bilner. 30-40 metr aralykda iki sany parallel çyzyk çyzylýar we ähli oýunçylar üç-üçden bölünişýärler. Her üçlükde iki oýunçy biri-biriniň elinden tutýar. Üçünji oýunçy bolsa olaryň tutuşan elleriniň üstüne bir aýagyny goýýar. Oýny alypbaryjynyň rugsady boýunça üçlükler pellehana tarap (garşydaky çyzyga) ylgaýarlar. Ilki bolup pellehana baran üçlük ýeňýär. Eger ortadaky oýunçynyň iki aýagy ýere degse, onda şol üçlük ýeňilýär. Ortadaky oýunça iki çetki oýunçynyň egninden asylmak bolmaz. Oýun ikinji gezek gaýtalananda, ortaky oýunçyny ony ellerinden göterip äkiden (çetki) oýunçylaryň biri bilen çalyşmaly. Oýun ylgamak endiklerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Toparlaýyn oýnalýan bu oýun orta synplaryň okuwçylary bilen guralsa, has-da gyzykly bolar.